Magtymguly Pyragy — sungat äleminde

17 Maý 2024
601

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Onda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri sergilendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sergi «Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» diýlip atlandyryldy. Amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary muzeýe gelip, ussat suratkeşleriňdir heýkeltaraşlaryň birnäçesiniň döreden ajaýyp eserleri bilen tanyşdy.

Bu ýerdäki eserleriň mazmunynda dünýä belli türkmen danasynyň ömri, döredijiligi, halkymyzyň taryhy hem şu güni, däp-dessurlary, ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Baýramgül KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar