Döwlet berkararlygynyň sarsmaz sütünleri

14 Maý 2024
363

Taryh her bir halkyň hem-de tutuş adamzadyň geçen ýoluna, Ýer ýüzünde galdyran yzlaryna göz ýetirmäge, olardan netije çykarmaga şert döredýän wagtdyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, berkararlygyň binýatlaýyn esaslaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwre çenli ýurdumyzyň içerki ösüşlerinde-de, daşary syýasatda-da netijeli hukuk esasy bolup durýar.

Konstitusiýa esasy syýasy-hukuk resminama hökmünde milli döwletliligiň, ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we döwleti ösdürmegiň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Iň ýokary hukuk derejesine eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bar, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar