"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zenanlar — Zeminiň zynaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her güni toý-baýrama beslenýär. Golaýda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 32 ýyllyk şanly baýramy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Magtymguly — ylham çeşmesi

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şäher häkimligi tarapyndan guralan «Magtymguly Pyragy — belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary — nesihatyň teşnesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat dabarasy boldy. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de beýleki pudaklaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly atamyzyň özboluşly döredijiligine bagyşlanylyp geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler akyldaryň ömür döredijiligi barada gürrüň berdiler we ýaşlara wagyz-nesihatlar etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň zehinli aýdymçylary, bagşy-sazandalary tarapyndan Watanymyzyň beýik ösüşleriniň waspyny ýetirýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Belli sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary köňüllerde ýakymly duýgulary oýaryp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy okyjylar üçin gymmatly sowgat bolup, şanly senelere beslenýän ýurdumyzda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra goýýan bimöçber sarpasyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bular barada dabarada çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymy

Milli medeniýetiň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda beýik işleri amala aşyrýar. Türkmen medeniýeti özüniň baý taryhy ýadygärlikleri, çuň mazmunly ruhy baýlygy, nusgawy edebiýaty, şirin saz sungaty, nepis halysy, ahalteke bedewleri, amaly-haşam sungatynyň dürdäneleri, milli şaý-sepleri, taryhy ýadygärlikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban halkymyz dünýä medeniýetiniň gazananlaryna ägirt uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Gadymy Merwde, Gürgençde, Nusaýda şol döwrüň meşhur kitaphanalary bolupdyr. Orta asyryň meşhur alymlary, şahyrlary we jahankeşdeleri şeýle täsin desgalary dünýäniň hiç bir künjeginde görmändigini öz işlerinde belläpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet halkyň kalbydyr, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklary doganlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýş

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

SUNGATA SARPANYŇ NYŞANY Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine, ösmegine, dünýä derejesine çykmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

El hünäri — il gezer

NAGYŞLARDA GÖZELLIK BAR Türkmen keşdesi amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Gelin-gyzlaryň elde çekýän keşde nagyşlarynyň nusgalary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Milli nusgalar nesilden-nesle geçip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Zehinli aýdymçy hakda söhbet

KÖŇÜL GANATLANDYRYJY AÝDYMLARYŇ USSADY Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda gülläp ösýän inçe sungatlaryň biri-de köňülleri ganatlandyryp, kalplaryň taryna kakýan, buýsançly ýürekleri joşa getirýän aýdym-saz sungatydyr. Milli aýdym-saz sungatymyzyň pajarlap ösmegi üçin örän köp işler durmuşa geçirilýär. Diňe bir welaýat merkezlerinde däl, eýsem, her bir etraplardyr çetki obalarda-da giň mümkinçiligi bolan medeniýet ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Onda halypa ussatlar hem ýaş hünärmenler, aýdymçylardyr bagşylar yhlasly zähmet çekip, sungatymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin öz şahsy goşantlaryny goşýarlar. Şeýle ýaş ussatlaryň biri-de Sakarçäge etrabynyň Gökhan geňeşliginiň ýaşaýjysy, Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniator bagşysy Nurýagdy Bekiýewdir.

Hakyň serpaýy

(Hekaýa) Indi üç günüň içidir, dört atlynyň şol ümzügini öňe tutup, ýol söküp barşydy. Adamlar argyn ýaly görünse-de, bahar pasly bolansoň, göwünleri joşgunlydy. Öňde aňyrsyna-bärsine gözýetmez sähralyk başlandy. Daş--töweregi synladygyňça, synlasyň gelýärdi, tebigy gözellikler nepesiňi durlaýardy. Atlylar Beňňiwan diýlip atlandyrylýan beýik depäniň eteginde saklanyp, az-kem dem-dynç alyp, ýene ýola rowana boldular. Magtymgulynyň her düşelgede dünýä, ylym-bilim baradaky çuň pelsepeli söhbetleri, okaýan goşgulary ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly edýärdi.

Şirwan perdelerde belent owazlar

Golaýda Murgap jülgesiniň gözelligine gözellik goşup oturan «Türkmeniň ak öýi» binasy aýdym-saz muşdaklarynyň köp sanlysyny ýene-de özünde jemledi. Bu ýerde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige deslapky geçirilen tapgyrlarda öňe saýlanan 10 sazanda hem-de 10 bagşy gatnaşdy. Bu aýdym-saz bäsleşigi oňa gatnaşýan bagşy-sazandalaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly aýdym bilen başlandy. Bäsleşikde, ilki bilen, sazandalar çykyş etdiler. Olar halk sazlaryny hem-de mukamçy kompozitorlaryň döreden sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bagşylar halk aýdymlaryny we dessanlardan aýdymlary aýtdylar. Eminler sazanda-bagşylaryň bäsleşige örän taýýarlykly gelendiklerini aýratyn belläp, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berdiler.

Beýik akyldaryň sarpasy

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly biziň göz guwanjymyzdyr, türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdyr, adamzat taryhynda yz goýan iň uly şahsyýetleriň biridir» diýip bellemek bilen, beýik akyldara çäksiz sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyllarda şirin dilli söz ussadymyzyň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi, akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan halkara derejedäki maslahatlaryň geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Täze taryhy döwrümiziň häzirki şanly günlerinde külli türkmen halky Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. 2024-nji ýylda bellenjek bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baý many-mazmunly dabaraly çäreler geçirilýär, şahyra bagyşlanan kitaplar neşir edilýär. Iň guwandyrýan zatlaryň biri-de Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurulýandygydyr. Umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň geçen hepdäniň penşenbe güni bu medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşýan pursatlaryna «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa etdik. Şonda Milli Liderimiziň bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere üns çekmegi, şeýle-de seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň ilatynyň

Sazlara ömür beren halypanyň sarpasy

Türkmenistanyň halk artisti, sazanda, mukamçy-kompozitor Çary Täçmämmedow 1923-nji ýylda Gökdepäniň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Täçmämmet Suhanguly milli aýdym-saz sungatymyzda yz goýan halypalaryň biridir. Bu maşgala ojagynda ussat halypalaryň, zehinli şägirtleriň ençemesiniň saz çalyp, täsirli söhbetler etmekleri geljekki ezber sazanda üçin mekdep bolýar. Çary Täçmämmet kakasyndan, özünden öňki ussatlardan tälim alyp, türkmen saz sungatynda öz ýoluny döreden halypalaryň biridir. Bu günki gün onuň çalmagynda ýerine ýetirilen sazlaryň ençemesi türkmen radiosynyň we teleýaýlymlarynyň altyn gaznasynda saklanylýar hem-de tomaşaçylara, diňleýjilere yzygiderli ýetirilýär. Onuň dutary eline alyp, çalyp başlanyndan edýän çalasyn hereketleri, dutardan alýan owazlary, gara gazmasy bilen bitewileşip, bir owaz toplumyna öwrülip bilmegi ýaş sazandalar üçin mekdepdir, sazyň muşdaklary üçin bolsa ruhy lezzetdir. Çünki sazyň gudraty söz bilen düşündirerden ýokarda durýan täsinlikdir. Sazanda düýrmegi bilen sungatyň içine girip, iki tardan täsin sazlaryň owazyny alyp bilýän bolsa, olary diňleýänler ondan ruhy güýç alýarlar.

Milli Liderimiziň milli şahyrymyza köňül kelamy

Penşenbe güni Gahryman Arkadagymyz ulus-ilimize ýene-de bir eserini — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny serpaý etdi. Milli Liderimiziň bu kämil şygryny şahyryň Köpetdagyň eteginde örboýuna galan ýadygärliginiň ýanynda okap bermegi örän uly sazlaşygy döretdi. Has dogrusy, hormatly Arkadagymyz Magtymgulynyň daglara ýaraşykly heýkeliniň degresinde şahyryň şanyna Sözden hem heýkel dikdi! Tutuş asyrlara är sözüni, nur sözüni, dür sözüni aýdyp bilen, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, häzire çenli kän-kän eserler döredildi we döredilýär. Jahan döwresinde onuň şanyna tutumly mejlisler düzülip, syrly setirleriniň şerhini çözlemäge galyň-galyň kitaplar neşir edilýär... Ýöne olaryň bary bir ýana, hut Gahryman Arkadagymyzyň täze şygry hem bir ýana! Näme üçin? Eýsem, bu şygryň hikmeti nämede?

“Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna...”

Öňňin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretmegi mynasybetli «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň geçirilýän ýerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilim pudagyna bagyşlanan sergi guraldy. Dabaranyň myhmanlary türkmen talyplarynyň halkara we döwlet derejesinde gazanan üstünlikleri, baýraklary, medallary bilen tanyşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar serginiň çäginde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin eserleri hem-de muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Mundan başga-da, sergide Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly dürdäne kitaplary ýerleşdirildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, baý döredijiligi her bir ynsanyň köňül köşgünde orun alýar. Şonuň üçin hem okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň täze-täze eserlerine, goşgusyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ynha, ýakynda ýene bir taryhy waka bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygry halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu taryhy waka mynasybetli bu günki günde dabaraly maslahatlar geçirilýär, ildeşlerimiz ýürek sözlerini beýan edýärler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly aýdym-sazly, dabaraly maslahat hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çünki şeýle dabaraly maslahatlarda döredijilik işgärleri, alymlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň many-mazmuny barada giňişleýin beýan etdiler. Ýurdumyzda söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir, örän ýokarydyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini wasp etmek, dünýä ýaýmak mukaddes işleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy

Sarpasy belent söz ussady

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly aýdym-sazly, dabaraly maslahat ýurdumyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň egsilmezdigini görkezdi. Dabaraly çäredäki köpöwüşginli çykyşlarda şahyr ýürekli Arkadagymyzyň akyldaryň ruhy ägirtligi baradaky oý-hyýallaryny, joşgunyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynda okyjylar bilen paýlaşyp, ähli ildeşlerimizi diýseň begendirendigi öz beýanyny tapdy. Maslahata gatnaşan halypa döredijilik işgärleriniň käbiri bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar buýsançly ýürek sözlerini biziň bilen paýlaşdylar. Atageldi GARÝAGDYÝEW,Türkmenistanyň halk artisti:

Bagtyýar zamananyň waspçysy (Ussatlaryň ussatlyk mekdebi)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan ruhlanýan döredijilik işgärleri ata Watanymyzda gazanylýan belent ösüşleri öz eserlerinde kämil beýan edýärler. Täsirli aýdymdyr sazlaryň ençemesini döredip, halkymyza lezzet paýlaýan kalby buýsançly ussat kompozitorlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Daňatar Hydyrowdyr. Halypa kompozitoryň sungata baglanan ömür ýoluna ser salsak, ol 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepe etrabynda dünýä inýär. 1960-njy ýylda bolsa umumybilim berýän orta mekdebe okuwa barýar, birnäçe ýyldan soň çagalar sazçylyk mekdebinde akkordeon hünäri boýunça okuwyny dowam etdirýär. Onuň ýiti zehini we saza bolan söýgüsi şol ýyllarda ýüze çykýar. Daňatar Hydyrow bäş ýyllyk mekdep maksatnamasyny iki ýylda tamamlaýar. Ol 1969-njy ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölümine okuwa girýär, bu ýerde professional sazyň esaslaryny öwrenip ugraýar. Ol okuwynyň birinji ýylynda özüniň ilkinji aýdymlaryny we fortepiano üçin pýesalaryny döredýär. Daňatar Hydyrow 1970-nji ýyldan başlap, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Ol Moskwada okan döwründe birnäçe saz eserlerini döredýär.

Medeniýet galkynýar — göwün galkynýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamy hem ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, bu ulgamda bolup geçýän wakalar hem buýsanjyňa buýsanç goşýar. Çünki medeniýet ulgamyny ösdürmek, ony kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýledigi üçin 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we sungata höwesini güýçlendirmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, degişli edaralaryň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Akyldaryň sarpasy belent

Şu gün — 18-nji awgustda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy» atly dabaraly maslahat gecirildi. Dabaraly maslahata medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylar düzümi, döredijilik işgärleri, aýdymçylar we sazandalar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Suratkeşleriň döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy öz işine başlady. Hünär kämilleşdiriş maksady bilen geçirilýän bu çärä Aşgabat şäherinden, Ahal, Mary welaýatlaryndan suratkeşleriň 15-e golaýy gatnaşýar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda suratkeşler portret we natýurmort žanrlarynda eserleriň dördüsini çekerler. Duşuşygyň çäklerinde olaryň Amyderýanyň boýlaryna, şäheriň gözel ýerlerine gezelençleri guralar. Şeýle-de ussatlyk sapaklary geçirilip, ondaky işler sergide ýaýbaňlandyrylar.

Alajasy — ak ýoly...

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar» diýen dürdäne pikir-garaýyşlarynda sagdyn nesli kemala getirmegiň, milli özboluşlylygy gorap saklamagyň arzuw-islegi öz beýanyny tapýar. Bu türkmen gelin-gyzlarynyň durmuş ýörelgesi, däp-dessurlary, edep-terbiýesi bilen baglylykda alnyp barylýan işlerde hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmençilik bilen bagly her bir ýörelgäniň aňyrsynda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini şöhlelendirýän, milliligimizi häsiýetlendirýän edim-gylymlar, däp-dessurlar, görüm-göreldeler jemlenip, olar dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli özboluşlylygymyzy hasyl edýär. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek gelnejemiz öz agtyk gyzjagazlary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, gaýynkäbesiniň ören alajasyny hem-de alaja örmek üçin ulanan guralyny gymmatlyk hökmünde muzeýe tabşyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesiniň bu edep ýörelgesi bagtyýarlygyň binýadynyň türkmen jemgyýetinde enäniň sarpalanyşyndan başlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ogulgerek gelnejemiziň bu göreldesi enäniň garaýşyny nura, mährini keramata, durkuny dünýä, yhlasyny ylhama, hüwdüsini

«Gaşlar goýsam kümüş bile...»

11-nji awgustda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Magtymguly Pyragy we zergärçilik sungaty» atly ylmy maslahat we sergi guraldy. Ýurdumyzyň tanymal alymlarynyň, magtymgulyşynaslarynyň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri Ýusup Lollakow söz ussadymyzyň dürdäne goşgularynyň aglabasynyň milli zergärçilik sungatymyz bilen baglanyşygy barada aýratyn durup geçdiler. Şahyr Aşyrmät Garlyýew Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi hakynda gyzykly maglumatlary maslahata gatnaşanlar bilen paýlaşdy. Bu ýerde guralan sergide Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini wasp edýän kitaplar, zenanlarymyzyň dokan halylary, nakgaşlarymyzyň döreden milli öwüşginli eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň halypa aýdymçysy Amanmyrat Agaýew dana Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar bilen maslahata gatnaşanlaryň ruhuny belende göterdi.