Magtymguly — ylham çeşmesi

23 Awgust 2023
488

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şäher häkimligi tarapyndan guralan «Magtymguly Pyragy — belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary — nesihatyň teşnesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat dabarasy boldy. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de beýleki pudaklaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly atamyzyň özboluşly döredijiligine bagyşlanylyp geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler akyldaryň ömür döredijiligi barada gürrüň berdiler we ýaşlara wagyz-nesihatlar etdiler.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň zehinli aýdymçylary, bagşy-sazandalary tarapyndan Watanymyzyň beýik ösüşleriniň waspyny ýetirýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Belli sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary köňüllerde ýakymly duýgulary oýaryp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy okyjylar üçin gymmatly sowgat bolup, şanly senelere beslenýän ýurdumyzda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra goýýan bimöçber sarpasyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bular barada dabarada çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdylyp, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».