Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa

20 Awgust 2023
1577

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, baý döredijiligi her bir ynsanyň köňül köşgünde orun alýar. Şonuň üçin hem okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň täze-täze eserlerine, goşgusyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ynha, ýakynda ýene bir taryhy waka bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygry halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu taryhy waka mynasybetli bu günki günde dabaraly maslahatlar geçirilýär, ildeşlerimiz ýürek sözlerini beýan edýärler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly aýdym-sazly, dabaraly maslahat hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çünki şeýle dabaraly maslahatlarda döredijilik işgärleri, alymlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň many-mazmuny barada giňişleýin beýan etdiler.

Ýurdumyzda söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir, örän ýokarydyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini wasp etmek, dünýä ýaýmak mukaddes işleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň döredijiligi giňden wagyz edilýär we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».