NAGYŞLARDA GÖZELLIK BAR
Türkmen keşdesi amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Gelin-gyzlaryň elde çekýän keşde nagyşlarynyň nusgalary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Milli nusgalar nesilden-nesle geçip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir.