Beýik akyldaryň sarpasy

22 Awgust 2023
335

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly biziň göz guwanjymyzdyr, türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdyr, adamzat taryhynda yz goýan iň uly şahsyýetleriň biridir» diýip bellemek bilen, beýik akyldara çäksiz sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyllarda şirin dilli söz ussadymyzyň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi, akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan halkara derejedäki maslahatlaryň geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Täze taryhy döwrümiziň häzirki şanly günlerinde külli türkmen halky Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. 2024-nji ýylda bellenjek bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baý many-mazmunly dabaraly çäreler geçirilýär, şahyra bagyşlanan kitaplar neşir edilýär. Iň guwandyrýan zatlaryň biri-de Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurulýandygydyr. Umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň geçen hepdäniň penşenbe güni bu medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşýan pursatlaryna «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa etdik. Şonda Milli Liderimiziň bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere üns çekmegi, şeýle-de seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülmelidigi, çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary täze döredijilik ylhamyna ruhlandyrmalydygy barada aýtmagy ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.

Arzygül ÖWEZOWA,
Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.