Sazlara ömür beren halypanyň sarpasy

22 Awgust 2023
420

Türkmenistanyň halk artisti, sazanda, mukamçy-kompozitor Çary Täçmämmedow 1923-nji ýylda Gökdepäniň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Täçmämmet Suhanguly milli aýdym-saz sungatymyzda yz goýan halypalaryň biridir. Bu maşgala ojagynda ussat halypalaryň, zehinli şägirtleriň ençemesiniň saz çalyp, täsirli söhbetler etmekleri geljekki ezber sazanda üçin mekdep bolýar.

Çary Täçmämmet kakasyndan, özünden öňki ussatlardan tälim alyp, türkmen saz sungatynda öz ýoluny döreden halypalaryň biridir. Bu günki gün onuň çalmagynda ýerine ýetirilen sazlaryň ençemesi türkmen radiosynyň we teleýaýlymlarynyň altyn gaznasynda saklanylýar hem-de tomaşaçylara, diňleýjilere yzygiderli ýetirilýär. Onuň dutary eline alyp, çalyp başlanyndan edýän çalasyn hereketleri, dutardan alýan owazlary, gara gazmasy bilen bitewileşip, bir owaz toplumyna öwrülip bilmegi ýaş sazandalar üçin mekdepdir, sazyň muşdaklary üçin bolsa ruhy lezzetdir. Çünki sazyň gudraty söz bilen düşündirerden ýokarda durýan täsinlikdir. Sazanda düýrmegi bilen sungatyň içine girip, iki tardan täsin sazlaryň owazyny alyp bilýän bolsa, olary diňleýänler ondan ruhy güýç alýarlar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist. SURATLARDA: dabaradan pursatlar.