Bagtyýar zamananyň waspçysy (Ussatlaryň ussatlyk mekdebi)

18 Awgust 2023
680

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan ruhlanýan döredijilik işgärleri ata Watanymyzda gazanylýan belent ösüşleri öz eserlerinde kämil beýan edýärler. Täsirli aýdymdyr sazlaryň ençemesini döredip, halkymyza lezzet paýlaýan kalby buýsançly ussat kompozitorlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Daňatar Hydyrowdyr.

Halypa kompozitoryň sungata baglanan ömür ýoluna ser salsak, ol 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepe etrabynda dünýä inýär. 1960-njy ýylda bolsa umumybilim berýän orta mekdebe okuwa barýar, birnäçe ýyldan soň çagalar sazçylyk mekdebinde akkordeon hünäri boýunça okuwyny dowam etdirýär. Onuň ýiti zehini we saza bolan söýgüsi şol ýyllarda ýüze çykýar. Daňatar Hydyrow bäş ýyllyk mekdep maksatnamasyny iki ýylda tamamlaýar. Ol 1969-njy ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölümine okuwa girýär, bu ýerde professional sazyň esaslaryny öwrenip ugraýar. Ol okuwynyň birinji ýylynda özüniň ilkinji aýdymlaryny we fortepiano üçin pýesalaryny döredýär. Daňatar Hydyrow 1970-nji ýyldan başlap, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Ol Moskwada okan döwründe birnäçe saz eserlerini döredýär. 1974-nji ýylda bolsa ol Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna okuwa kabul edilýär.

Irina MOMMADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.