"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Gamgyn günler gaýtalanmasyn»

Şeýle at bilen Hatyra güni mynasybetli düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi açyldy. Sergide tanymal nakgaşlarymyzyň, heýkeltaraşlarymyzyň Watan ugrundaky söweşlerde halkymyzyň görkezen gahrymançylygyna, 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesine bagyşlanan sungat eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halk hakydasynda ebedi ýaşaýan taryhy wakalary çeper suratlandyrýan eserleriň arasynda halypa nakgaşlar A.Hajyýewiň «Eje jan, sen näme üçin aglaýarsyň?», Ý.Annanurowyň «Gökdepe bosgunlary», Ý.Baýramowyň «Ajy habar», A.Kulyýewiň «Dileg» ýaly işlerine uly orun berildi. Şeýle-de sergide belli heýkeltaraşlar A.Meredowyň «Ene», M.Ýuzbaşowyň «Garaşmak», M.Nurymowyň «Hasrat» ýaly heýkel eserleri-de görkezilýär.

Pyragynyň dogduk mekanynda

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda Magtymguly etrabynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly  döredijilik simpoziumy geçirildi. Tebigaty bilen ajaýyp gözelligi peşgeş berýän etraba berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen suratkeşler ýygnandylar. Olaryň hatarynda halypa suratkeşler bilen birlikde, şekillendiriş sungatyna baş goşan ýaş zehinli suratkeşler hem bar. Tebigat gözellikleriniň üsti bilen türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijilik älemini giňden wasp edýän eserleri döretmek birnäçe günläp dowam eden çäräniň esasy maksady boldy.

Dünýäniň danasy

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilmegi beýik şahyrymyza bolan hormat-sarpanyň barha belende göterilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem bu taryhy senäni ýokary derejede belläp geçmekde, akyldar şahyrymyzyň döredijilgini wagyz etmekde alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dana şahyrymyzyň watansöýüjilige, edep-terbiýä ýugrulan eserleri nakyla öwrülip, ýyldan-ýyllara, ilden-illere nusga bolup gelýär. Beýik Pyragynyň şygyrlarynda agzybirlik, Watany söýmek, ony janyňy orta goýup goramak, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatly bolmak, edeplilik, mertlik... ýaly iň gowy häsiýetler wasp edilip, ikiýüzlülik, galplyk, namartlyk ýaly erbet häsiýetler berk ýazgarylýar. Ynsany bezeýän sypatlar onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly atamyz adamlaryň gylyk-häsiýetlerini, päl-niýetlerini, ahlak sypatlaryny gowulandyrmak bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryp boljakdygyny ündeýär. Mysal hökmünde alanymyzda, dana şahyrymyzyň «Içen ýalydyr» atly goşgusy ýamany ýazgaryp, hemmeleri ýagşylyga çagyrýar:

Ajaýyp zamanamyzy wasp edýärler

Eziz Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ýylba-ýyldan kämilleşmek bilen, ösüşiň täze derejelerine çykýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde  milli medeniýetimiz we sungatymyz dürli öwüşginde açylyp görkezilýär, medeniýet we sungat wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler öz netijesini berýär. Ulgamy ösdürmek üçin amala aşyrylýan çäreler medeniýet we sungat işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Welaýat sungat mekdebimiziň sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim alýan talyplary hem abraýy arşa galýan ata Watanymyzyň waspyny ýetirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sungat ugrundan kämil hünärmenler bolup ýetişmek üçin yhlas edýärler. Barha  kämilleşýän talyplarymyz sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp zamanamyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda uludan tutulýan baýramçylyk dabaralarynda talyplarymyz ajaýyp çykyşlary bilen ýygnananlara ruhy lezzet paýlaýarlar.

Ýaşulular — ýaşaýşa ýaraşyk

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, nurana enelerimiz, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Özleriniň manyly ömürlerini ýagşy işlere bagyşlan,il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi, öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi, mukaddes ojaklarymyzyň ýaraşygy il sylagly ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewleri ýolumyza şugla, ömrümize şamçyragdyr. Olara sala salmak we geňeşmek, mertebesini belende götermek, sarpasyny saklamak ýaly asylly ýörelgelerimiz ajaýyp zamanamyzda barha rowaçlanýar. Eziz Watanymyzda her ýylyň 1-njioktýabrynda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Dabaranyň dowamynda sylag-sarpaly ýaşulularymyzyň, güler ýüzli, mährem enelerimiziň waspyna aýdym-sazlar belentden ýaňlandy we olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabara ýokary ruhubelentlige beslendi, onda ýaşulularymyza çäksiz sylag-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyş sözleri belentden ýaňlandy we il-ýurt bähbitli tutulýan tutumly işlerde rowaçlyklararzuw edildi.

Şa serpaýy — bagt paýy

Bilşimiz ýaly, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda, baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary hem-de beýleki Şa serpaýlary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Biz hem Şa serpaýly bagtyýar ildeşlerimizi çyn ýürekden gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Medeni dostluk

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hebeý welaýatynyň Langfang şäherindäki «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezinde «Bir guşak, bir ýol — Beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwaly geçirildi. Festiwala ýurdumyzdan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans topary gatnaşdy. Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Hebeý welaýatynyň häkimligi, «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezi bilen bilelikde guralan bu festiwal gala konsert bilen açyldy. Şowhunly dabarada türkmen talyplary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurymyz, milli toý däplerimiz bilen çykyş etdiler. Festiwal 20-den gowrak halkyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga we olaryň milli däplerini öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Talyplarymyzyň festiwala gatnaşmagy bolsa medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä halklaryna açyp görkezmekde hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz aladasynyň miwesidir.

Sungata sarpa

Pirnepes ÖWEZLIÝEW,Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi: — Meniň ykbalym ýaşlygymdan metbugat bilen utgaşdy. Ylaýta-da, çagalar neşirinde uzak ýyllar işlemek bilen, körpeleriň dünýäsini şahyrana açyp görkezýän goşgularym şol döwürdäki «Mydam taýýar» gazetinde we «Pioner» žurnalynda yzygiderli çap edildi.

Halky eserleriň ussady

Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň döredijiligi hakynda söhbet Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz we sungatymyz ýokary derejede ösdürilýär. Döwürdeş şahyrlarymyzdyr ýazyjylarymyz, suratkeşlerdir heýkeltaraşlarymyz Garaşsyz Türkmenistanyň medeni durmuşynyň taryhyna täze sahypalary ýazýarlar. Döredijilikli zähmet çekip, gaýtalanmajak eserleri bilen tanalýan halypa heýkeltaraşlaryň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyr.

Döwletli döwrüň bezegi, göwünleriň şady bedew!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär. Aty myrady hasaplaýan halkymyzyň toýly günlerde at çapdyrmak gadymdan gelýän milli däpleriniň biridir. 

Mukaddes garaşsyzlyga bagyşlandy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Baýramçylyk konserti «Garaşsyz ýurdumda uly toý bu gün, buýsan, türkmen, Arkadagly Serdara!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Konsert maksatnamasy žanrlaryň köpdürlüligi, çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenýändigi bilen tapawutlanýar. Olarda milli sungatyň baý we iň gowy däpleriniň dowamlylygy şöhlelendirildi. Konsertiň dabaraly açylyşy «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýurdumyza gelen ähli myhmanlary ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny paýlaşmaga çagyrýan şowhunly çykyşy bilen dowam etdi.

Keşdesi keşbine ýaraşar

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralan bäsleşik ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan söýgini artdyrmagy maksat edindi.

Ajaýyp baýramçylyk sowgady

Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelligini artdyran «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber Rahmanowanyň, Türkmenistanyň  at gazanan artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň, şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň, Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi.

Şekillerde Garaşsyzlygyň waspy

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!» atly sergi açyldy. Sergide halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň döredijilik işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýaş suratkeş A.Akmämmedowanyň «Älemiň ýaňy», A.Amanýazowanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym», A.Öwezmyradowanyň «Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!» atly sungat eserlerinde ülkämiziň ajaýyp binalary suratlandyrylýar. Ý.Annaýewiň «Ak öýüň aýdymy», A.Amangeldiýewiň «Süýji arzuwlar», O.Akmuhammedowyň «Mukamyň syry», M.Kulyýewiň «Toý aladalary» atly eserlerinde bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşy açylyp görkezilýär. G.Babaýewanyň «Galkynyş» güldany, M.Ataýewanyň «Baky şöhrat!», «Türkmenistanyň baýlygy» atly taslamalary, A.Taganowanyň «Güýz şemaly», «Şarlawuk» ýaly keramiki işleri serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Halkymyzyň baş baýramy mynasybetli guralan sergide görkezilen işleriň ählisi reňk öwüşginleri we döwrebaplygy bilen tomaşaçylary özüne çekýär.

Baýramçylyk sergisi

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda bagtyýar halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baş baýramymyzyň şanyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Söz, saz, sungat, sahna barada söhbet

Dogrusy, söhbede başlamankam, gaty kän oýlandym. Göräýmäge, söz açmak isleýän bu sungat ýyldyzlaryny birleşdirýän zat kän ýalam. Olaryň hersi barada aýratyn söhbet etsek-de bolar. Sungatyň sahnasynda — «Alynyň ala meýdany» diýilýän ýerde halkyň, Watanyň ykraryna eýe bolmak, muşdaklary gazanmak we olaryň hoşallygyny almak... Belkem, döredijilik adamynyň ömrüniň manysyny şular düzýän bolsa gerek?! Çünki sungat halkyňky diýilýär. Döredijilik diňe halkyň ykraryndan soňra sungat diýen ada eýe bolýar. Kalbyňdan syzylyp çykýan eserleriňi halk bilen paýlaşmak bagtyna eýe bolanyňdan soňra onuň jogapkärçiligini duýmak, saňa bildirilýän ynamy we senden garaşylýan tamany ödemek esasy meselä öwrülmeli. Hut şeýle edilende, halk söýen hakyky döredijilik adamy kemala gelýär...

Iki ýeňijä dört sowal

Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilmegi asylly däp bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi mahmal sesli bilbilleri mälim etdi. Nobatdaky aýdym-saz bäsleşiginde hem ýurdumyzyň dürli künjeginden gatnaşan ýaş aýdymçylardan 6-sy baýrakly orna eýe boldular. Biz köpleriň seslenmesine eýe bolan aýdymçylar, bäsleşigiň şu ýylky ýeňijileri — Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Mämmetgurbanowa hem-de Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikirlerini «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Kitap – paýhas ummany

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany». Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr. Kitap adamy terbiýeleýän, öňa dogry ýoly görkezýän ýakyn dosty, wepaly syrdaşy, özünde giden bir umman ýaly teselli beriji jümlel

Gymmatly hazyna, egsilmez baýlyk

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Milli mirasymyz — egsilmez hazynamyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň we welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp, onuň bölümleri, eksponatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra medeni mirasymyz bolan muzeý gymmatlyklary baradaky çykyşlara uly orun berildi.

Zehini — zyýada, owazy — belent

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň aýrylmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek baradaky aladalarynyň netijesinde aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşýär. Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikler, halkara festiwallar bolsa zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olaryň sungat äleminde ussatlyklaryny artdyrmaga ýardam edýär. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik ýurdumyzda täze zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, wagyz etmek, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligi, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşanlar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýändiklerini aýan etdiler. Her bir ýerine ýetirilen saz eseri barada h