Dünýäniň danasy

4 Oktýabr 2023
443

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilmegi beýik şahyrymyza bolan hormat-sarpanyň barha belende göterilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem bu taryhy senäni ýokary derejede belläp geçmekde, akyldar şahyrymyzyň döredijilgini wagyz etmekde alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dana şahyrymyzyň watansöýüjilige, edep-terbiýä ýugrulan eserleri nakyla öwrülip, ýyldan-ýyllara, ilden-illere nusga bolup gelýär. Beýik Pyragynyň şygyrlarynda agzybirlik, Watany söýmek, ony janyňy orta goýup goramak, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatly bolmak, edeplilik, mertlik... ýaly iň gowy häsiýetler wasp edilip, ikiýüzlülik, galplyk, namartlyk ýaly erbet häsiýetler berk ýazgarylýar. Ynsany bezeýän sypatlar onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly atamyz adamlaryň gylyk-häsiýetlerini, päl-niýetlerini, ahlak sypatlaryny gowulandyrmak bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryp boljakdygyny ündeýär. Mysal hökmünde alanymyzda, dana şahyrymyzyň «Içen ýalydyr» atly goşgusy ýamany ýazgaryp, hemmeleri ýagşylyga çagyrýar:

Bibijan Nurmämmedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.