Pyragynyň dogduk mekanynda

4 Oktýabr 2023
480

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda Magtymguly etrabynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly  döredijilik simpoziumy geçirildi. Tebigaty bilen ajaýyp gözelligi peşgeş berýän etraba berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen suratkeşler ýygnandylar. Olaryň hatarynda halypa suratkeşler bilen birlikde, şekillendiriş sungatyna baş goşan ýaş zehinli suratkeşler hem bar. Tebigat gözellikleriniň üsti bilen türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijilik älemini giňden wasp edýän eserleri döretmek birnäçe günläp dowam eden çäräniň esasy maksady boldy.

Ogulnäzik Çopanowa,
Balkanabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.