Söz, saz, sungat, sahna barada söhbet

21 Sentýabr 2023
1188

Dogrusy, söhbede başlamankam, gaty kän oýlandym. Göräýmäge, söz açmak isleýän bu sungat ýyldyzlaryny birleşdirýän zat kän ýalam. Olaryň hersi barada aýratyn söhbet etsek-de bolar.

Sungatyň sahnasynda — «Alynyň ala meýdany» diýilýän ýerde halkyň, Watanyň ykraryna eýe bolmak, muşdaklary gazanmak we olaryň hoşallygyny almak... Belkem, döredijilik adamynyň ömrüniň manysyny şular düzýän bolsa gerek?! Çünki sungat halkyňky diýilýär. Döredijilik diňe halkyň ykraryndan soňra sungat diýen ada eýe bolýar. Kalbyňdan syzylyp çykýan eserleriňi halk bilen paýlaşmak bagtyna eýe bolanyňdan soňra onuň jogapkärçiligini duýmak, saňa bildirilýän ynamy we senden garaşylýan tamany ödemek esasy meselä öwrülmeli. Hut şeýle edilende, halk söýen hakyky döredijilik adamy kemala gelýär...

Gülşirin HANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.