Ajaýyp zamanamyzy wasp edýärler

4 Oktýabr 2023
414

Eziz Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ýylba-ýyldan kämilleşmek bilen, ösüşiň täze derejelerine çykýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde  milli medeniýetimiz we sungatymyz dürli öwüşginde açylyp görkezilýär, medeniýet we sungat wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler öz netijesini berýär. Ulgamy ösdürmek üçin amala aşyrylýan çäreler medeniýet we sungat işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Welaýat sungat mekdebimiziň sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim alýan talyplary hem abraýy arşa galýan ata Watanymyzyň waspyny ýetirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sungat ugrundan kämil hünärmenler bolup ýetişmek üçin yhlas edýärler. Barha  kämilleşýän talyplarymyz sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp zamanamyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda uludan tutulýan baýramçylyk dabaralarynda talyplarymyz ajaýyp çykyşlary bilen ýygnananlara ruhy lezzet paýlaýarlar.

Annasoltan Babaýewa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.