Şekillerde Garaşsyzlygyň waspy

21 Sentýabr 2023
582

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!» atly sergi açyldy.

Sergide halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň döredijilik işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýaş suratkeş A.Akmämmedowanyň «Älemiň ýaňy», A.Amanýazowanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym», A.Öwezmyradowanyň «Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!» atly sungat eserlerinde ülkämiziň ajaýyp binalary suratlandyrylýar. Ý.Annaýewiň «Ak öýüň aýdymy», A.Amangeldiýewiň «Süýji arzuwlar», O.Akmuhammedowyň «Mukamyň syry», M.Kulyýewiň «Toý aladalary» atly eserlerinde bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşy açylyp görkezilýär. G.Babaýewanyň «Galkynyş» güldany, M.Ataýewanyň «Baky şöhrat!», «Türkmenistanyň baýlygy» atly taslamalary, A.Taganowanyň «Güýz şemaly», «Şarlawuk» ýaly keramiki işleri serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Halkymyzyň baş baýramy mynasybetli guralan sergide görkezilen işleriň ählisi reňk öwüşginleri we döwrebaplygy bilen tomaşaçylary özüne çekýär.

Aýlar ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni.