Mukaddes garaşsyzlyga bagyşlandy

28 Sentýabr 2023
546

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk konserti «Garaşsyz ýurdumda uly toý bu gün, buýsan, türkmen, Arkadagly Serdara!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Konsert maksatnamasy žanrlaryň köpdürlüligi, çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenýändigi bilen tapawutlanýar. Olarda milli sungatyň baý we iň gowy däpleriniň dowamlylygy şöhlelendirildi. Konsertiň dabaraly açylyşy «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýurdumyza gelen ähli myhmanlary ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny paýlaşmaga çagyrýan şowhunly çykyşy bilen dowam etdi.

«Watan».