"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wenadan gelen owaz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşany bolan ajaýyp Arkadag şäheri bu gün diňe bir ýurt möçberinde däl, eýsem, dünýä dahylly halkara syýasy we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher derejesine eýe bolan täze şäherde dek düýn agşam geçirilen Wena baly hem şeýle möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşanyny alamatlandyrdy. Wena baly, indi biziň ýurdumyzda bäşinji gezek geçirilýär. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün türkmen-awstriýa dostlugynyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag Binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Bu ýurtda her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär.

Buýsanylmaga mynasyp bagşyçylyk ýoly

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işeriň netijesinde milli aýdym-saz sungatymyzyň, bagşyçylyk ýolunyň hem dünýä ýüzünde at-abraýy belende göterildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek ugrunda netijeli işer alnyp barylýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alýan medeni mirasymyza uly hormat-sarpa goýlup, ony gorap saklamak, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işer hem diňe tarypa mynasypdyr. Asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli medeni mirasyny aýap saklamagy hem-de döwrebap derejede ösdürmegi döwlet syýasatyndaky möhüm ugurlaryň biri hökmünde elmydama üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy-medeni taýdan baýlaşmaklaryny, tämiz ahlakly, giň düşünjeli, zerur bilimleri we medeni düşünjeleri özünde jemleýän şahsyýet derejesinde kämilleşmeklerini üpjün etmek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. ªunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärlerini, aýdym-saz sungatymyzy we bagşyçylygy ösdürmekde uly işeri b

Durmuş — ylhamyň çeşmesi

Sungat ynsanlary ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar. Sungatyň ýakynlaşdyran ynsanlarynyň pikirdeşligi, ýürekdeşligi bolsa il-ulsuň, tutuş ynsanyýetiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Nakgaş Rahman Umarow bilen keramikaçy Dilber Umarowanyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki teatr-çeperçilik institutynyň talyby döwürlerinde sungat bilen baglanyşykly pikir-garaýyşlarynyň gabat gelmegi olaryň arasyndaky dostluk köprüsini berkitdi. Wagtyň geçmegi bilen bu dostluk söýgä ýazyp, olar maşgala gurdular, döredijilik ýoluny bilelikde dowam etdirdiler. Sergilerde olaryň eserleri iň gowularyň sanawynda agzalýardy. Şol döwürler Rahman Umarowyň Aşgabat şäheriniň sergiler merkezindäki «Taryhyň çarhy» atly eserini synlan paýtagtly halypalar onuň döredijiligine ýokary baha berdiler. Onuň «Günortan», «Azatlyk», «Näziklik», «Jennet guşy», «Çagalyk» ýaly eserlerinde tebigatyň gözellikleri, şeýle-de durmuşy, öz işlerini söýýän adamlar suratlandyrylýar. Şol eserlerdäki reňkleriň, şekilleriň köpöwüşginliligi, janlylygy ilki bilen ünsüňi özüne çekýär. Ol Türkiýede, Fransiýada, Singapurda, Russiýada geçirilen sergilere gatnaşdy. Onuň 300-den gowrak işiniň arasynda «Enäniň portreti», «Gyzjagaz atasyna garaşýar», «Mukam», «Küýzeler» ýaly eserlerinde umumadamzat gymmatlyklary hakyndaky pikirler sungat muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär.

Dohadaky sergide Türkmenistanyň milli güni geçirildi

9-njy oktýabrda Doha şäherinde dowam edýän «EKSPO — 2023» halkara sergisinde Türkmenistanyň Milli güni geçirildi. Onuň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň we Katar Döwletiniň resmi wekilleri çykyş etdiler. Olar «EKSPO — 2023» halkara sergisiniň şanly güni mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dünýä hakydasynda orny bar

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, muzeýleriň we kitaphanalaryň hünärmenleri, edebiýatçy alymlar, aýdymçy-sazandalar, artistler we köp sanly beýleki döredijilik işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň medeniýet ministrine hem-de Ylymlar akademiýasynyň prezidentine Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini tassyklaýan degişli şahadatnamalary gowşurdy. Bu şatlykly waka dabaraly çärä gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Wena balyna gutlag

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler.Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» sözlerini eşidip bilerler.Türkmenistandaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, dabarany guraýjylara uly üstünlikleri, oňa gatnaşyjylara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de Wena walsynyň jadylaýjy täsiri astynda Wenanyň gaýtalanmajak täsin dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.Mihael LÝUDWIG,Wenanyň meri we gubernatory.

Wena balyna gutlag

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler. Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» («Hemmeler wals edýärler») sözlerini eşidip bilerler.

Wena balyna gutlag

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler. Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» («Hemmeler wals edýärler») sözlerini eşidip bilerler.

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň»

Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary şu ýylyň 29-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykorgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Biken» atly I halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Festiwalda olar Gylyçmyrat Kakabaýewiň döreden teatryň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly Pyragy» atly spektaklyny görkezdiler. Sahnada dana şahyryň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow janlandyrdy. Halkara teatr festiwalynda görkezilen bu sahna oýun Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň medeniýetiniň ösüşine eden täsiri, şeýle-de nusgawy şahyryň filosofiýasy çeper beýan edilýär. Festiwalyň jemlerine laýyklykda Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatrynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew «Iň gowy sahna oýnuny goýan režissýor» atly baýraga we fastiwalyň altyn medalyna, şol teatryň suratkeşi Mekan Annamyradow «Iň gowy sahna bezegi üçin» atly baýraga mynasyp boldular. Teatrynyň döredijilik toparyna bolsa türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ-yň diplomy we «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň kubogy gowşuryldy. Bu hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna barýan bagtyýar halkymyza uly sowgat b

Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar, biri Magtymguly, biri goşa tar...

Gündogar edebiýatynda pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserleri bilen öçmez yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen dünýä edebiýatynda, megerem, gyzyklanmaýan ýok bolsa gerek. Çünki öz döwründe türkmen adyny arşa çykaran akyldar, dana şahyryň döredijiligi häzirki wagtda hem onda gozgalýan meseleleriň derwaýyslygy, wajyplygy, ähli döwürlere degişliligi bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, dünýäniň okyjylary, edebiýat muşdaklary Magtymgulyny ähli döwürleriň şahyry hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly Şahadatnamalary degişli ýolbaşçylara dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi açyldy

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Yzzat Gylyjowyň bagty» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinden we suratkeşiň şahsy ýygyndysyndan, türkmen halk ertekilerine bagyşlanan grafika taslamalary, döwürdeşleriniň portretleri hem-de halypa suratkeşiň milli nakgaşlygymyzyň nusgalyk eserleriniň jemi 200-e golaý töweregi görkezildi.

Bir aýdymyň döreýşi

Aşyk ýigidiň köňlüniň aýdymy Bukjasynyň bagynyBaglady gyz, ýar-ýar.Ata-ene ýüregniDaglady gyz, ýar-ýar.

Şa serpaýynyň eýesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimize döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ýeňijileriň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 2-nji derejeli tans artisti Bäşim Ýolamanow hem bar. Biz Bäşimi gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolduk. — Bäşim, Şa serpaýyňyz bilen tüýs ýürekden mübärekleýäris. Üstünlikleriňiziň yzy gür bolsun.

Tokarja paýlaşmagy öwrenýär

Tokarja we Ýeserje — bu gahrymanlaryň ady çagalara örän tanyş bolsa gerek. Bu ikisiniň başdangeçirmeleri baradaky multfilmler, olaryň her hili ýagdaýlardan ussatlyk bilen baş alyp çykyşy, ýagşy göreldesi çagalara oňyn täsir edýär. Bu gezek garagol Tokarja dosty bilen ylalaşykly bolmagy, öz zadyny onuň bilen paýlaşmagy öwrenýär.

Dostana döredijilik duşuşygy

Şu ýylyň 11-14-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň Halkara Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň Baş edarasynyň we GDA agza döwletleriň Halkara Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň Geňeşiniň «Medeniýetleriň täsirleşmesi — parahatçylygyň we arkalaşygyň kepili» atly bilelikdäki maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Gyrgyz Respublikasynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýasynyň uly zalynda geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumynyň açylyşynda GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy wekillerine «Arkalaşygyň ýyldyzy» hem-de «Arkalaşygyň debýutanty» diýen hormatly atlar gowşuryldy, şeýle-de «Samarkant — 2024-nji ýylda GDA agza döwletleriň medeni paýtagty», «Daşkent — 2024-nji ýylda GDA agza döwletleriň ýaşlar paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Sungaty söýen suratkeş

Meniň gürrüňim köpöwüşginli zehiniň eýesi Halmyrat Kadyrow hakynda. Ol 1960-njy ýylda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garnas obasynda eneden dogulýar. Köýtendagyň belent gaýalary bilen gurşalan, söz ýetmez gözellige eýe bolan obada dünýä inen Halmyrat çagalykdan edebiýata, sungata, aýdym-saza höwesli bolýar. Oba mekdebini tamamlandan soň, ol Aşgabatdaky ozalky Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyna okuwa girýär. Ýöne köp wagt geçmänkä, maşgala ýagdaýy sebäpli dogduk obasyna dolanmaly bolýar. H.Kadyrow dürli ýyllarda oba medeniýet öýüniň «Bahar» aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, etrap medeniýet bölüminiň çeperçilik ussahanasynyň müdiri bolup işleýär. Ol agaç we demir işlemek bilen içgin meşgullanýar. Kalbynda besleýän ajaýyp arzuwlaryny goşgy setirlerine geçirýär. Onuň milli öwüşginli, täsin duýguly goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilýär.

Sahy bagşy

Dag göwsünden dyňzap çykan çeşme deý,Şamu-säher kalby joşly bagşydyň.Heň gözlediň suw agtarýan teşne deý,Belent başly, goly işli bagşydyň,Öz kärine çyn werdişli bagşydyň. Her aýdymňa goýup ýürek paraňy,Il-ulusdan daş tutmadyň araňy,Saz edende bolup göwün aramy,Garry-ýaşy maýyl eden bagşydyň,Kalby joşly, heňi güýçli bagşydyň.

Ýylgyrdýan kompozitorlar

Saglyk, uzak ýaşlylyk üçin wajyp bolan ýylgyryşy diňleýjilere bagyş etmek barada kompozitorlar hem alada edipdirler. Iogann Bah, Antonin Dworžak, Sergeý Rahmaninow ýaly ussatlaryň döredijiliginden şeýle eserleri tapmak bolýar. Saz eserleriniň köpüsiniň sözbaşysynyň aşagynda duş gelýän «skerso» sözüniň italýan dilinden terjime edilende «degişme» diýen manyny berýändigi-de muňa şaýatlyk edýär. Ilki-ilkiler skerso nusgawy simfoniýanyň bir bölümi bolup, käte adaty menuetiň ornuna ulanylypdyr. Soňlugy bilen ol özbaşdak saz žanryna öwrülip gidipdir. Emma skersonyň adynda degişme bolsa-da, eseriň gülki äheňiniň bolmagy hökmany hasap edilmeýär. Muňa Frederik Şopeniň skersosyny mysal görkezmek bolar. Ýöne adyna doly kybap gelýän skersolar hem az däl. Ýörite diňleýjini, tomaşaçyny ýylgyrtmagy maksat edinilip ýazylan meşhur skersolaryň biri Aaron Koplendiň «Pişik we syçan» eseridir. Bu eserde degişme ses bilen aňladylýar — fortepianonyň üsti bilen pişigiň mawlamasy, çalt ýerine ýetirilýän saz syçan kowalap barýan pişigi göz öňüňde janlandyrýar.

Halypa suratkeşe bagyşlandy

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurlary we daşary ýurt dilleri derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Ylham çeşmesiniň joşguny» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda halypa nakgaşyň gyzlary Maral we Läle Gylyjowalar ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan tanymal şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge uly üns berýändikleri barada buýsanç bilen bellediler.

Şanly ýylyň şanyna

5-nji oktýabrda şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen-terbiýeçilik okuw mekdebinde edebi duşuşyk geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň, okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen agşamda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirýän uly ynamy barada, şu ýylda Köpetdagyň gözel künjeginde gurlup ulanylmaga berlen ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheri we bu ýerde ýaş nesliň bilimli, ylymly, watanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler barada täsirli gürrüň berdiler. Edebi agşamda şahyr Süleýman Ilamanow, Meýlis Garajaýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän goşgularyny okadylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Amantagan Aýjanow Magtymguly Pragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitaplary görkezildi.