«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň»

10 Oktýabr 2023
577

Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary şu ýylyň 29-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykorgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Biken» atly I halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Festiwalda olar Gylyçmyrat Kakabaýewiň döreden teatryň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly Pyragy» atly spektaklyny görkezdiler. Sahnada dana şahyryň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow janlandyrdy.

Halkara teatr festiwalynda görkezilen bu sahna oýun Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň medeniýetiniň ösüşine eden täsiri, şeýle-de nusgawy şahyryň filosofiýasy çeper beýan edilýär. Festiwalyň jemlerine laýyklykda Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatrynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew «Iň gowy sahna oýnuny goýan režissýor» atly baýraga we fastiwalyň altyn medalyna, şol teatryň suratkeşi Mekan Annamyradow «Iň gowy sahna bezegi üçin» atly baýraga mynasyp boldular. Teatrynyň döredijilik toparyna bolsa türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ-yň diplomy we «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň kubogy gowşuryldy. Bu hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna barýan bagtyýar halkymyza uly sowgat boldy.

«Edebiýat we sungat».