Ýylgyrdýan kompozitorlar

5 Oktýabr 2023
550

Saglyk, uzak ýaşlylyk üçin wajyp bolan ýylgyryşy diňleýjilere bagyş etmek barada kompozitorlar hem alada edipdirler. Iogann Bah, Antonin Dworžak, Sergeý Rahmaninow ýaly ussatlaryň döredijiliginden şeýle eserleri tapmak bolýar. Saz eserleriniň köpüsiniň sözbaşysynyň aşagynda duş gelýän «skerso» sözüniň italýan dilinden terjime edilende «degişme» diýen manyny berýändigi-de muňa şaýatlyk edýär. Ilki-ilkiler skerso nusgawy simfoniýanyň bir bölümi bolup, käte adaty menuetiň ornuna ulanylypdyr. Soňlugy bilen ol özbaşdak saz žanryna öwrülip gidipdir. Emma skersonyň adynda degişme bolsa-da, eseriň gülki äheňiniň bolmagy hökmany hasap edilmeýär. Muňa Frederik Şopeniň skersosyny mysal görkezmek bolar.

Ýöne adyna doly kybap gelýän skersolar hem az däl. Ýörite diňleýjini, tomaşaçyny ýylgyrtmagy maksat edinilip ýazylan meşhur skersolaryň biri Aaron Koplendiň «Pişik we syçan» eseridir. Bu eserde degişme ses bilen aňladylýar — fortepianonyň üsti bilen pişigiň mawlamasy, çalt ýerine ýetirilýän saz syçan kowalap barýan pişigi göz öňüňde janlandyrýar.

Taýýarlan Gülälek HOJATOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby.