Wenadan gelen owaz

11 Oktýabr 2023
348

Ata Watanymyz Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşany bolan ajaýyp Arkadag şäheri bu gün diňe bir ýurt möçberinde däl, eýsem, dünýä dahylly halkara syýasy we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher derejesine eýe bolan täze şäherde dek düýn agşam geçirilen Wena baly hem şeýle möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşanyny alamatlandyrdy.

Wena baly, indi biziň ýurdumyzda bäşinji gezek geçirilýär. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün türkmen-awstriýa dostlugynyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag Binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Bu ýurtda her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär.

Aýgül GARAÝEWA.
«Arkadag».