Dostana döredijilik duşuşygy

5 Oktýabr 2023
648

Şu ýylyň 11-14-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň Halkara Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň Baş edarasynyň we GDA agza döwletleriň Halkara Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň Geňeşiniň «Medeniýetleriň täsirleşmesi — parahatçylygyň we arkalaşygyň kepili» atly bilelikdäki maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýasynyň uly zalynda geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumynyň açylyşynda GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy wekillerine «Arkalaşygyň ýyldyzy» hem-de «Arkalaşygyň debýutanty» diýen hormatly atlar gowşuryldy, şeýle-de «Samarkant — 2024-nji ýylda GDA agza döwletleriň medeni paýtagty», «Daşkent — 2024-nji ýylda GDA agza döwletleriň ýaşlar paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.