Buýsanylmaga mynasyp bagşyçylyk ýoly

11 Oktýabr 2023
468

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işeriň netijesinde milli aýdym-saz sungatymyzyň, bagşyçylyk ýolunyň hem dünýä ýüzünde at-abraýy belende göterildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek ugrunda netijeli işer alnyp barylýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alýan medeni mirasymyza uly hormat-sarpa goýlup, ony gorap saklamak, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işer hem diňe tarypa mynasypdyr.

Asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli medeni mirasyny aýap saklamagy hem-de döwrebap derejede ösdürmegi döwlet syýasatyndaky möhüm ugurlaryň biri hökmünde elmydama üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy-medeni taýdan baýlaşmaklaryny, tämiz ahlakly, giň düşünjeli, zerur bilimleri we medeni düşünjeleri özünde jemleýän şahsyýet derejesinde kämilleşmeklerini üpjün etmek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. ªunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärlerini, aýdym-saz sungatymyzy we bagşyçylygy ösdürmekde uly işeri bitiren bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligini has-da içgin öwrenmek ugrunda hem nusgalyk işer amala aşyrylýar.

Ogulsuraý Täçmämmedowa,
«Balkan».