Halypa suratkeşe bagyşlandy

5 Oktýabr 2023
529

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurlary we daşary ýurt dilleri derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Ylham çeşmesiniň joşguny» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda halypa nakgaşyň gyzlary Maral we Läle Gylyjowalar ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan tanymal şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge uly üns berýändikleri barada buýsanç bilen bellediler.

Ýörite habarçymyz.