"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli saz sungatymyzyň beýany

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden ildeşlerimiz gatnaşdy. Türkmen milli sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmünde dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaşlarda özboluşly, kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdymdyr sazlaryna söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide milli saz gurallaryna, şol sanda dutardyr gyjagyň dürli nusgalaryna, dutar ýasamak senetçiligine degişli gurallara, bagşyçylyk sungatyna degişli maglumatlara, muzeý gymmatlyklaryna aýratyn orun berildi.

Baş baýlygyň şekillerdäki beýany

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli açylan sergi «Baş baýlygym — saglygym» diýlip atlandyryldy. Sergi halypa suratkeşleriň dürli ýyllarda döreden eserleri bilen başlanýar. Olaryň arasynda Ýakup Annanurowyň «Enelik», «Sagalýan», Nyýazmyrat Dowodowyň «Şepagat uýasy», Annadurdy Almämmedowyň «Irki bahar», Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Aşyk oýny» ýaly eserleri bar. Ynsan saglygy sport, bedenterbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Suratkeş Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça dünýä çempiony Jennet Geldiýewanyň portreti» atly eseri sagdynlygyň, berk bedenliligiň ynsan elleriniň esasy güýç çeşmesidigini beýan edýär. Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Ajaýyp gün» atly eserinde tebigatda dynç almagyň ynsan saglygyna oňyn täsirini şöhlelendirýär. Ony synlanyňda, arassa howanyň, daragtlaryň, tebigat gözelliginiň adam saglygyna peýdaly täsirini duýmak bolýar.

Jemgyýetiň ruhy sütüni

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, ony täzeçil öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga, kämilleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge döwlet derejesinde uly üns bermeginiň, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmeginiň özeninde çuňňur many bar. Sebäbi medeniýetimiz we sungatymyz döwrümiziň, jemgyýetimiziň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň taryhyň bütin dowamynda gazanan üstünliklerini, Ýer ýüzünde bitewi bir millet hökmünde ýeten belent derejelerini, umumadamzat ösüşine goşan mynasyp goşandyny özünde jemleýär, ýagny şolary bir bitewi sazlaşyklylykda wasp edýär, dünýä ýaýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymylygy, täzeçilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlere beslenýändigini, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan milletdigini, medeniýetimize we sungatymyza bu günki gün uly sarpa goýulýandygyny nygtaýan milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatynda bu ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýändigi we pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzdyr ýol-ýörelgelerimizi berjaý etmekde, olara hormat-sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde bolýandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar.

Ussat şahyr, görnükli serkerde

Mälim bolşy ýaly, 31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly maslahat geçirildi. Zehinli şahyr hem-de görnükli serkerde Baýram hana bagyşlanan çykyşlar birnäçe bölümçede dowam etdi. Çykyşlarda, esasan, Baýram hanyň edebi mirasynyň we milli terbiýäniň kökleri, orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklardaky orny barada gürrüň edildi.

Medeni hyzmat edýäris

Gojaman Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iri ilatly ýerleriň biri-de Guwlymaýakdyr. Bu ýeriň ady guw we maýak sözleri bilen baglanyşyklydyr. Ir döwürlerden asmana uzaýan maýak gijelerine ýalkym salyp, gämilere ýol görkezipdir. Ajaýyp guw sürüleri kenaryň bezegi bolupdyr. Guwlymaýak şeýle hem baýlyk mesgeni hasaplanypdyr, häzirem şeýle. Guwlymaýakda nahar duzunyň senagat taýdan işlenip çykarylyp başlanaly bäri bir asyrdanam köp wagt geçdi. Bu işi «Guwlyduz» kombinaty ýerine ýetirýär. Duzçular gymmatly önümiň çykarylyşyny artdyrmaga çalyşýarlar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ilatyny nahar duzy bilen üpjün edýärler. Kärhananyň önümçilik kuwwatynyň artýandygyny-da bellemek gerek. Bu ýerde arassa nahar duzuny, gerdejik görnüşindäki tehniki duzy öndürýän täze sehiň işläp başlanyna köp wagt geçenok. Kärhananyň işgärleri ähli tagallalaryny önümçilik tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirýärler. Önüme bolsa isleg uly.

Watansöýüjiligiň beýik nusgasy

Türkmen milletiniň asyrlaryň çuňluklaryna baryp ýetýän baý hem buýsançly taryhy kökleri bar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň kämilligi beýik akyldarlaryň, danyşmentleriň, şol sanda merdana serkerde we şahyr Muhammet Baýram hanyň edebi mirasynda hem anyk keşbe eýe bolýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram hanyň we onuň ogly Abdyrahym han-hananyň ömrüni hem-de döredijiligini, gymmatly pikirlerini düýpli öwrenmek ählimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan Baýram hanyň ata-babalary hem meşhur adamlar bolupdyr. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň gullugynda bolup, uly hyzmatlary bitiripdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni-dä. Ýazarlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursadyny aýratyn belleýärler.

Aşgabadym — göwün şadym

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisini bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup, Berkarar döwletimizde bagtyýarlyk döwrümiziň owazyny äleme ýaýar. Şu günler halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belleniljek bu toýlara giňden taýýarlyk görýär.

Mukaddesligiň beýik nusgasy

Ynsanyň mähriban balasynyň ilkinji eşidýän aýdymy — ene hüwdüsi. Ene hüwdüsinde tükeniksiz mähir, söýgi, ylham bar. Ol beýik sungat eseri. Hakyky sungat bolsa garramaýar, ýitmeýär. Eneler — beýik sungat eserini döredijiler. Olar mukaddesligiň beýik nusgasy. Eneleriň kalbymyza guýýan mähri, ysnyşykly gatnaşyklary, göreldesi, aýdym-sazy dünýämizi nurlandyrýar. Eneler hakyndaky eserler dünýäde baky ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri hem halkymyzyň arasynda söýgi bilen okalýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu eserinde «Ene dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi» diýip bellenilýär.

«Garybymdan» başlanan ýol

Türkmen opera sungatynyň pajarlap ösmegine ägirt uly goşant goşan Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini belende göterdi. Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda ol milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bererdi. 2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Maýa Kulyýewa bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşyny synlady. Ussat halypa opera tamamlanandan soň, özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. Şol duşuşyga gatnaşmak, ussat halypa bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn.

Halkara forum geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda halkara forum geçirildi. «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly onlaýn görnüşinde geçirilen halkara forum umumy mejlisden we «Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri», «Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny», «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri», «Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri» atly bölümlerden ybarat boldy. Halkara forumyň 3-nji — «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri» atly bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa türkmenistanly alymlar bilen birlikde, onlaýn arkaly Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan, Belarus we Azerbaýjan Respublikalaryndan alymlar gatnaşdy.

Gözellikden gözbaş alýan Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan sünnälenip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilen gymmatlyklar bolan nepislikde göreni haýrana goýýan türkmen halylarymyz, gyzdan gylykly, ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiz, altyndyr kümüşden ýasalan şaý-seplerimiz, tebigatyň täsinliklerine çalymdaş keşde nagyşlarymyz milli medeniýetimiziň özenini düzýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda ahalteke bedewine, türkmen halysyna, dutardyr gyjagyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda türkmen bedewiniň, türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip giňden bellenip geçiler. Şeýle hem, şu ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçiriler. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi. Soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren paýtagtymyz özüniň täsin binagärlik keşbi hem-de gaýtalanmajak arhitekturasy, sazlaşykly g

Beýik şahyra bagyşlandy

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Karara gol çekmegi halkymyzyň göwün guşuny göge uçurdy. Bu şanly waka mynasybetli Saýat etrap medeniýet bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde Sakar şäheriniň medeniýet öýünde «Ýüreklerde orun alan şahyrym» atly aýdym-sazly agşam geçirdi. Dabarada Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakow, Sakar şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiri Joşgun Atakow, Sakar şäher kitaphanasynyň müdiri Ogulnyýaz Permanowa, kitaphanaçylar Akgül Ýoldaşowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň şahyryna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň dowamynda çeper höwesjeňler şahyryň durmuşyndan bir parça sahna görkezdiler, goşgularyny labyzly okadylar, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdylar.

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tuwakgül Gylyjowa we okyjylar gatnaşdylar. Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik işgärleriniň täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem bu duşuşykda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Çerkez Esenow we beýleki myhmanlar öz döreden goşgularyny okap, Ahal we Balkan welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler. Döredijilik duşuşygynyň çäginde kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna, we beýleki dürli ýyllarda çap edilen neşirlere uly orun berildi.

Zenan zynaty

Zenany hormatlamak ata-baba dowam edip gelýän türkmeniň asylly däpleriniň biridir. Halkymyzyň gelin-gyzlara goýýan hormat-sarpasyny halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda — hüwdülerde, lälelerde, monjugatdylarda, gazallarda, nakyllarda aýdyň görýäris. «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» ýaly nakyllarda zenan edebi öz beýanyny tapýar. Türkmen zenanlary näzikligi, edep-ekramlylygy, mertligi, işeňňirligi hem mylaýym häsiýetliligi bilen gözeldir. Muňa taryhyň ähli döwürlerinde döredilen edebi eserlerimizdäki zenan keşpleri-de şaýatlyk edýär. Tumar şa, Altynjan hatyn, Burla hatyn, Törebeg hanym, Parawbibi ýaly türkmen zenanlary mertligi, akyllylygy, gözelligi, ahlaklylygy, päkizeligi, wepalylygy bilen taryhda öçmejek yz goýupdyrlar. Gelin-gyz gözelligi onuň ejabynda jemlenendir. Olar döwrebap geýinmekde-de nusga alarlykdyr. Zenanlarymyzyň geýýän dürli reňkli ketenisi ony bezeýän apbasysy, şaňňyrdap owaz edýän şaýly gupbasy, gözüň ýagyny iýip barýan nepis tahýasynyň ajap keşdesi olary has-da görklendirýär. Zenanyň gözelligi, näzikligi bahar paslynyň ýakymyny ýada salýar. Maşgalada eneden, ýeňňeden öwüt-ündew alan gyz öwredilýän ähli el hünärleri ezberlik bilen ele alýar. Olaryň öz çeper ellerinden dörän owadan keşdelenen nepis geýimleri geýip, uz ýöräp, gabak astyndan garaýşy, mähre ýugrulan näzik duýgusy, bägüle kybap hoşsuraty şahyrlar

Şirinden mylaýym owazy bardy

Bagşyçylyk sungatynda uly yz goýan Molla Çäkliýew 1933-nji ýylyň fewral aýynda Bereket etrabynyň Ok obasynda eneden dogulýar. Heniz çagaka onuň arassaja kalbyna türkmen dutaryndan çykýan şirin-şirin mukamlar siňipdi. Bar oý-pikirini, küýüni dutar eýeläpdi. Sebäbi onuň dädesi Çäkli aga atly bagşy bolmasa-da, dutary ezber çalardy. Şonuň üçinem öýleriniň mähellesi elmydama ýetikdi. Şol günlerden ol on iki süňňi bilen aýdym-saza berlipdi. Içinden aýdymyň sözlerini gaýtalap, ýat tutup öwrenerdi. Sypyndygy eline dädesiniň dutaryny alyp, ony çaljak bolardy. Oglunyň yhlasyna göz ýetiren dädesi oňa dutar çalmagyň inçe tilsimlerini öwredip ugraýar. Molla obalarynda toý bolup, bagşy aýtsa, hemmelerden öňürti eýýäm şol ýerdedi. Şonuň üçinem Çäkli aga oňa ýörite dutar hem alyp berýär. Molla guzy bakmaga gidende hem dutaryny ýanyndan goýman alyp gider eken. Geljekki bagşy heniz 18 ýaşyny doldurmanka, maşgalalary häzirki Bereket şäherine göçüp gaýdýarlar. Şol wagtlar etrap medeniýet öýünde çeper höwesjeňler gurnagy açylýar. Molla öz deň-duşlary bilen şol gurnaga gatnap başlaýar. Meşhur bagşy Soltan Atanepesow bolsa olara ürç edip, aýdym-saz öwredýär. Soltan akga oňa: «Molla jan, inim, käbiri iki gün dutar tiňňirdedip, bagşy boljak bolýar.

Kitaphana — paýhaslar öýi

Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýeti we aň-bilimi ösdürmezden kuwwatly döwlet gurmak başartmaz» diýip, adalatly belleýär. Munuň özi aň-bilim edaralarynyň biri bolan kitaphanalaryň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde, jemgyýetimiziň has-da kämilleşmeginde tutýan ornuny doly açyp görkezýär. Türkmen halky gadymy döwürlerde-de kitaba örän uly sarpa goýupdyrlar, kitaphanalara bolsa mukaddes ojak hökmünde garapdyrlar. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynyň baş gahrymany Welmyrat aganyň: «Munuň her bir sözi köşekli düýä degýändir!» diýip, Magtymguly atamyzyň şygyrlar diwanyny özüniň eklenç çeşmesi bolan ýekeje guba düýesine çalyşmagy hem halkymyzyň kitaba, ylym-bilime goýýan hormatyndan nyşandyr.

Türkmen gyzynyň Fransiýadaky üstünligi

Ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň ajaýyp owazyndan ylham alýan zehinleriň kalbynda belent joşgun bar. Şol joşgundan döreýän aýdym-saz eserleri bilen ýaşlarymyz halkara derejesindäki bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň skripka hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde professional sazandalaryň arasynda onlaýn arkaly geçirilen halkara bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy. Bu halkara medeni çärä 30 döwletden — Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Bolgariýa, Sloweniýa, Ukraina, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, ABŞ ýaly başga-da birnäçe döwletlerden ussat aýdymçylardyr sazandalar, tansçylar we artistler gatnaşdylar. Türkmen ýaşlarynyň daşary döwletlerde geçirilýän halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary olary täze döredijilik gözleglerine ataryp, dürli halklaryň sungat ussatlary bilen aýdym-saz sungaty arkaly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam edýär.

Arkadagyň sahawaty — nusgalyk

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 29-njy martda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlady. Şonuň esasynda-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Magtymguly atamyzyň: «Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil» diýen paýhasly setirini arşa göterip, eziz Arkadagymyz täze döredilen bu gazna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýýandygyny aýtdy. Munuň özi dünýä nusgalyk ýurdumyzda ynsanperwerlik, bir-birege goldaw etmek ýörelgelerine eýerilýändigini ýene bir gezek aýan etdi. Hawa, adam özüne nähili günleriň garaşýandygyny asla bilip bilmeýär. Şonuň üçinem, oňa ykbal diýilýär we gat-gat kitaplarda-da, terjimehallarda-da ol ykbalyň saýlanyp alynmaýandygy nygtalýar. Biz durmuşda ykbalyň hut saýlanyp alynmaýandygy üçin, syrkawlyk, ýol heläkçiligi ýaly sebäplere görä, nebir çagalaryň ene-atasyz galaýýandygyna durmuşda az duşmaýarys. Ol wakalaryň ählisi ýüregiňde çuňňur gynanjy oýarýar. Şeýle ýagdaýda dünýäňi, ilki bilen, «Olaryň indiki ykbaly, durmuşy nähili bolarka?» diýen ýaly pikirler gurşap alýar. Bu agyr pikirleriň yzýany bilenem eýýäm rahatlyk tapýarsyň. Çünki Gahryman Arkadagly ýurdumyzda olaryň her biri hossarly. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän w

Jemgyýetçilik guramalarynda

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Watanymyzyň geljegi ýaşlara bagly!» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynyň ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri, ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek, arassa, halal zähmet çekmek, ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda olaryň berk bedenli bolup ýetişmegini, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky düşünjelerini artdyrmak we ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegi bilen baglanyşykly täsirli çykyşlara giň orun berildi.

Maşgala — döwletiň mizemez sütüni

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwletiň baş sütüni hasaplanýan maşgala baradaky alada onuň döwrebap keşbiniň gazanylmagyna esas döredýär. Şonuň netijesinde-de, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda bagtyýar maşgalalaryň sany barha artýar we maşgala gatnaşyklary pugta kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maşgala jemgyýetiň ilkinji guramasydyr. Ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanylýar. Maşgala terbiýesiniň gözbaşynda dowamat dowam bolup gelýän milli däp-dessurlar, edim-gylymlar, pähimli ýörelgeler bolup, ol ýörelgeler şu günki gün ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň esasy özenini düzýär. Maşgala we onuň bilen bagly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak hem-de berkitmek babatda işlenilip düzülen döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalar bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalary bu ugurdaky işiň hukuk esaslaryny berkitmäge uly ýardam berýär. Hut şeýledigi üçin hem halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtyň özünde-de döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýan döwletimiziň häzirk