Zenan zynaty

1 Aprel 2021
1345

Zenany hormatlamak ata-baba dowam edip gelýän türkmeniň asylly däpleriniň biridir. Halkymyzyň gelin-gyzlara goýýan hormat-sarpasyny halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda — hüwdülerde, lälelerde, monjugatdylarda, gazallarda, nakyllarda aýdyň görýäris. «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» ýaly nakyllarda zenan edebi öz beýanyny tapýar. Türkmen zenanlary näzikligi, edep-ekramlylygy, mertligi, işeňňirligi hem mylaýym häsiýetliligi bilen gözeldir. Muňa taryhyň ähli döwürlerinde döredilen edebi eserlerimizdäki zenan keşpleri-de şaýatlyk edýär. Tumar şa, Altynjan hatyn, Burla hatyn, Törebeg hanym, Parawbibi ýaly türkmen zenanlary mertligi, akyllylygy, gözelligi, ahlaklylygy, päkizeligi, wepalylygy bilen taryhda öçmejek yz goýupdyrlar.

Gelin-gyz gözelligi onuň ejabynda jemlenendir. Olar döwrebap geýinmekde-de nusga alarlykdyr. Zenanlarymyzyň geýýän dürli reňkli ketenisi ony bezeýän apbasysy, şaňňyrdap owaz edýän şaýly gupbasy, gözüň ýagyny iýip barýan nepis tahýasynyň ajap keşdesi olary has-da görklendirýär. Zenanyň gözelligi, näzikligi bahar paslynyň ýakymyny ýada salýar. Maşgalada eneden, ýeňňeden öwüt-ündew alan gyz öwredilýän ähli el hünärleri ezberlik bilen ele alýar. Olaryň öz çeper ellerinden dörän owadan keşdelenen nepis geýimleri geýip, uz ýöräp, gabak astyndan garaýşy, mähre ýugrulan näzik duýgusy, bägüle kybap hoşsuraty şahyrlary özüne maýyl edip gelipdir. Nusgawy şahyrymyz Mätäji:

Amanbike BABAÝEWA,
«Edebiýat we sungat».