Milli saz sungatymyzyň beýany

6 Aprel 2021
1104

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden ildeşlerimiz gatnaşdy.

Türkmen milli sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmünde dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaşlarda özboluşly, kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdymdyr sazlaryna söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide milli saz gurallaryna, şol sanda dutardyr gyjagyň dürli nusgalaryna, dutar ýasamak senetçiligine degişli gurallara, bagşyçylyk sungatyna degişli maglumatlara, muzeý gymmatlyklaryna aýratyn orun berildi.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.