Jemgyýetiň ruhy sütüni

5 Aprel 2021
1014

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, ony täzeçil öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga, kämilleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge döwlet derejesinde uly üns bermeginiň, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmeginiň özeninde çuňňur many bar. Sebäbi medeniýetimiz we sungatymyz döwrümiziň, jemgyýetimiziň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň taryhyň bütin dowamynda gazanan üstünliklerini, Ýer ýüzünde bitewi bir millet hökmünde ýeten belent derejelerini, umumadamzat ösüşine goşan mynasyp goşandyny özünde jemleýär, ýagny şolary bir bitewi sazlaşyklylykda wasp edýär, dünýä ýaýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymylygy, täzeçilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlere beslenýändigini, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan milletdigini, medeniýetimize we sungatymyza bu günki gün uly sarpa goýulýandygyny nygtaýan milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatynda bu ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýändigi we pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzdyr ýol-ýörelgelerimizi berjaý etmekde, olara hormat-sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde bolýandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar.

Gülzaman HOJYÝEWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.