Mukaddesligiň beýik nusgasy

5 Aprel 2021
933

Ynsanyň mähriban balasynyň ilkinji eşidýän aýdymy — ene hüwdüsi. Ene hüwdüsinde tükeniksiz mähir, söýgi, ylham bar. Ol beýik sungat eseri. Hakyky sungat bolsa garramaýar, ýitmeýär. Eneler — beýik sungat eserini döredijiler. Olar mukaddesligiň beýik nusgasy. Eneleriň kalbymyza guýýan mähri, ysnyşykly gatnaşyklary, göreldesi, aýdym-sazy dünýämizi nurlandyrýar.

Eneler hakyndaky eserler dünýäde baky ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri hem halkymyzyň arasynda söýgi bilen okalýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu eserinde «Ene dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi» diýip bellenilýär.

Aýna ŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.