Gözellikden gözbaş alýan Aşgabat

2 Aprel 2021
893

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan sünnälenip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilen gymmatlyklar bolan nepislikde göreni haýrana goýýan türkmen halylarymyz, gyzdan gylykly, ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiz, altyndyr kümüşden ýasalan şaý-seplerimiz, tebigatyň täsinliklerine çalymdaş keşde nagyşlarymyz milli medeniýetimiziň özenini düzýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda ahalteke bedewine, türkmen halysyna, dutardyr gyjagyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda türkmen bedewiniň, türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip giňden bellenip geçiler. Şeýle hem, şu ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçiriler.

Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi. Soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren paýtagtymyz özüniň täsin binagärlik keşbi hem-de gaýtalanmajak arhitekturasy, sazlaşykly gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Günsaýyn pajarlap ösýän ak şäherimiz Aşgabadyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň döredijilikli pikirleri, çuňňur pähim-paýhasy, beýik başlangyçlary, belent tutumlary, mähriban halkymyza, ata Watanymyza, mukaddes topragymyza öçmejek söýgüsi bardyr.

Laçyn NURMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçysy.