Aşgabadym — göwün şadym

5 Aprel 2021
948

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisini bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup, Berkarar döwletimizde bagtyýarlyk döwrümiziň owazyny äleme ýaýar.

Şu günler halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belleniljek bu toýlara giňden taýýarlyk görýär.

Şasenem MYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.