"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nesillere görelde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda şanly sene bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi we onuň şäher Geňeşleri XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlaryň, tylda zähmet çekenleriň, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň hal-ahwalyny soramak, olaryň Watan goragynda görkezen edermenliklerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirýär. Nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin şirin janlaryny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň atlary halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýowuz uruş ýyllarynda edermen türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda mähriban Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Bu mugallym, edermen esger, ilhalar ynsanyň durmuş ýoly nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Aşgabat — ömür örküm

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat halypalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň nurana keşbi göz öňümizde janlanýar. Ýaşap ýören bolsa, maý aýynyň 1-ne doglan gününe 101 ýyl dolmaly halypa aýdymçy hemişe özüniň merjen şäherimiz Aşgabatda doglandygyna, bu şäherde öz bagtyny tapandygyna buýsanyp, öz döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, uly ösüşlere beslenýän paýtagtymyz bilen bagly aýdymyň bardygyna guwanýardy. Biz gazetimiziň şu sanynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ömür ýatlamalaryndan bir bölegi okyjylarymyza ýetirýäris.

Dünýäniň içindäki dünýä

2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar. Sungat äleminde teatr — iň gymmatly baýlyk. Köpasyrlyk taryhynda teatrlar hemişe tomaşaçylaryň üns merkezinde bolup, ähli döwrüň sungat söýüjilerini özüne çekýär. Ine, şeýle teatrlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeni mirasyna öwrülen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryny uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Nusgawy eseriň täze ömri

Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan dünýä belli rus ýazyjysy hem dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» atly pýesasyna tomaşa edeniňden soň, şeýle pursaty başdan geçirýärsiň: durmuşyň jümmüşinde ýaşap, ony öz ybratly ykbalyň bilen bezeseň we ynsan diýen belent adyňy haklap, ýagşylykda yz galdyrsaň, ana, şol bütin ömrüňe degýän möhüm zat. Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Aýynyň» sahna bezegini Güljemal Saparowa bilen Merjen Çaryýewa ýerine ýetiripdirler. Dogrusy, bezegçiler XIX asyryň rus dworýan maşgala durmuşyny ýürege ýakyn ýagşylykly görnüşde şöhlelendiripdirler. Abdylazym Rejepowyň bu pýesa üçin saýlan sazlary-da tüýs jüpüne düşüpdir. Ol waka hem ahwala, gahrymanlaryň ruhy dünýäsine laýyk ýaňlanýar. Bu sahna eserini yşyk bilen bezemek işi hem döwrebaplyga eýe, ýagny ol özboluşly röwüşde şöhlelenýär. Täze spektakla tomaşa edip, ýurdumyzyň Baş drama teatrynda işlemek bilen, dünýä belli drama eserini teatryň sahnasyna çykaryp, özüni ilkinji zehinli zenan režissýor hökmünde görkezip, ajaýyp bir pýesany milli teatr sungatyna getiren, ony daşary ýurt dramaturgiýasy bilen baýlaşdyran Gülälek Akmyradowany bize diňe gutlaýmak galýar. Şu ýerde režissýoryň asistenti Şemşat Kasymowa, kömekçisi Mekan Şyhyýewe hem öz hoşallygymyzy bildirýäris. Çünki rus halkyny

Döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde

«Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde» atly maslahatda Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilindäki neşiri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň biridir. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde halkymyzyň aňyrdan gelýän ýörelgelerine daýanandygy, türkmeniň edep-ekramynyň jemlenendigi, her başlangyjynyň il-günümizi, dünýäni beýgeldýändigi, halkymyzyň Arkadagynyň perzentlik borjuny berjaý edip, anna agşamy halkymyza birkemsiz gulluk eden, il-gün, ýaş nesiller üçin görelde bolan Mälikguly agany ýatlap beren sadakasynyň, okalan aýat-töwirleriň ýaşlarda halkymyzyň däp-dessurlaryna beýik söýgini döredýändigi bilen ähmiýetlidigi nygtaldy. Mukaddes Oraza aýynda halk bilen agzybirlikde berlen sadaka jemgyýetimiziň jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Maslahatda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşe hem-de häzirki döwürdäki gazanan üstünliklerine Mälikguly aganyň örän uly goşant goşandygy bellenildi.

«Gahrymançylykly simfoniýa»

Beýik Watançylyk urşunda taýsyz edermenlik görkezen, Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna mynasyp bolan «87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyň» uly seržanty, Watana wepalylygyň beýik nyşanyna öwrülen Aýdogdy Tahyrowdyr. Aýdogdy Tahyrowyň söweş meýdanynda görkezen edermenligini wasp edýän şahyrana setirler we saz eserleri öz döwründe halkymyzyň belent ruhy joşgunyna öwrülip, edermenligiň synmaz nusgasy boldy. Dogrusy, türkmen halkynyň ýazyjydyr şahyrlary we saz sungatynyň wekilleri öz edermen ogluna belent ylhamlaryny bagyşladylar. Gahrymanyň uruşda görkezen edermenligi, ol barada ýazylan taryhy romanda-da aýdyň şöhlelendirildi. Muňa Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan söz ussadymyz Naryman Jumaýewiň «Aýdogdy Tahyrow» romany anyk mysaldyr. Halypa kompozitorymyz Weli Muhadow Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýada okap ýörkä, urşa ugradylyp, 1942 — 1943-nji ýyllarda Donbasda 99-njy atyjylar diwiziýasynda duşmana garşy söweşýär. Kompozitor bile söweşen ýoldaşlarynyň edermenligini wasp edýän «Ýeňiş» atly kantatasyny ýazýar.

Gyjak ýasamag-a meň bilen...

Belli dutardyr gyjak ussasy Geldi Ugurlyýewiň ýanyna baran gyjakçylaryň biri ondan özüne edil Ata Ablyýewiňki ýaly gyjak ýasap bermegini haýyş edipdir. — Men şonuň ýaly gyjagyň aşygy. Ele alanyňdan ondan çykýan owazyň adamlary näderejede özüne çekip bilşini bir görsediňiz, gaýrat ediň, edil Ata aganyň gyjagy ýaly bolsun — diýip özelenipdir.

Halypa hormaty

1994-nji ýylda Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň aýdymlaryny ýerli telewideniýede ýazgy etmek üçin ýola düşdük. Bizi Bereket etrabynyň demir ýol menzilinde etrabyň medeniýet bölüminiň şol wagtky müdiri Täçdurdy Hanjanow garşy aldy. Aşyrmämmet Dawudow bilen ozaldan hem tanyşlygym bardy, çagalyk döwürlerim goňşy bolup ýaşapdyk. Bagşynyň howlusyna girip, maşgalasyna özümi tanyşdyranymda, ol:

«E-S-iň» arhiwinden

«Ölüm ýokdur, oglanlar!» atly çeper filmden görnüşler.

Saz — dünýäni özgerdýän sungat

Türkmençilikde aga-inilik örän uly jebislik hasaplanýar. Sebäbi il-günüň asudalygyny saklamak üçin ýigitleriň agzybirligi zerur bolupdyr. Şükür dünýä inende «Bir ýumrugymyz artdy» diýip, begenen ata-enesi ondan ulaldykça edermen, gaýratly adamy kemala getirmek isleýär. Emma Şüküriň welin, küýi-köçesi başga zatda, ýagny dutarda. Bu waka N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde şeýle beýan edilýär: Sazanda dutaryň yşgyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy. Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdanda öz ýasan dutary bilen meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman, kesesinden seredip otursa-da, hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy.

Medeniýet — halkyň ruhy güýji

Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlygynyň belentligi bolup, olaryň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Her bir ýyly şanly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýän ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimize, sungatymyza belent hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýdym-saz, teatr, kino, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda döredilýän her bir eserde halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy çeper wasp edilýär. Berkarar döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan çäreler halkymyzyň medeni baýlyklaryna bolan buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Sag bol, kaka!

(Nowella) Ol kakasyny görmändi. Onuň nähili adamdygyny göz öňüne hem getirip bilmeýärdi. Bu oglanlyk döwürleri şeýledi.

Senden eziz nire bar?!

Jennetden zyýat gül goýnuň bar seniň. Ýürek oňa gaýta-gaýta söýünýär. Ak binalaryň belent başyny sypalap öwsen şemalyňda köňül wysalynyň söýünji bar. Bulutly günüň gök boýagynda goýnuň bir belent künjünden seni synlamak höwesi elmydama köňlüme heýjan getirýär. Asmanyň birsydyrgyn gök reňke boýalan bu gözel görnüşinde sen deňiz merjeni ýaly ak şugla saçýaň. Gözelligiň göge ýetsem diýýän binalaryň mysalynda aýyl-saýyl görünýär. Bu aklyk — saňa müňlerçe ýürekleriň päk arzuwlarynyň siňendiginiň alamaty. Bu — seniň gojalmaýan ömrüň sowulmaz ýazyndan nyşan. Ol — seniň keşbiň ylhamdan, yhlasdan dörändigine güwä. Özüňe siňen şunça gözellikleriňi pespällik bilen dumly-duşa, ulus-ile paýlaýaň. Şeýdibem, Gahryman Arkadagymyzyň ylham nuruny dünýä ýüzüne ýaýýaň. Belki-de, şol ylham nurunyň şuglasyndandyr, keşbiň köňlüme belent joşgun bermesi. Seniň maňa jennetden zyýat görünmegiň. Gollaryň bolup degre-daşa ýaýylýan giň şaýollaryň saňa has-da mähribanlyk eçilýär. Ýoly düşüp bir geleni husnuňa aşyk eýleýäň. Gelende-de seni görmegiň höwesi ýaşaýar, gidende-de.

Agzyň örtükli bolsun!

Gezseň açyk howada,Saglygyň bor zyýada,Ýetir seni myrada,Agzyň örtükli bolsun! Mydam şatlan, ýylgyr, gül!Durmuşyň bor zyýat, gül,Haýsy ýerde bolsaň, bol,Agzyň örtükli bolsun!

Toý ýylynyň owazlary

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, wokal sungatynyň ussatlarynyň «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazy» atly ýurdumyzyň hor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Festiwalda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk hem-de ýörite sungat okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary, çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlary, şeýle hem saz bilimi bolan wokal aýdymçylary türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Bagtyýar nesliň sungat baýramçylygy

Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň ähli ýerinden zehinli çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy. Däbe öwrülen we ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşigi bagtyýar çagalar üçin ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Toý lybasyna beslenen sahnada ýerine ýetirilen joşgunly sungat çykyşlar şeýle diýmäge esas berýär. Gezekli-gezegine sahna çykan ýaş zehinler, çagalar döredijilik toparlary bilbil owazly, belent mukamly aýdym-sazlary, çykyşlary bilen ol ýeri alaýaza beslemek bilen, ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gülle, ýaşlyk!», Gökdepe etrabynyň medeniýet bölüminiň «Ak telpek» çagalar tans toparlarynyň millilige ýugrulan çykyşlary aýratyn göwün göteriji boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýän Arkadagly eziz Diýarymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, asuda asmanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň waspy ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynyň özenini düzdi.

Uzak ýoluň gürrüňi (Halypa sarpasy)

BU ÝOLLAR YKBALDYR, YKBALDYR ÝOLLAR... Altmyş sekiziň tomsy. Epgek öwüsýän meýdanda ýaşy durugşanlar ýaly güpbi ýa possun geýib-ä işläp bolanok. Onsuzam ýaş bedeniň gyzgyny, hyjuwy ýetik. Ýerden saýlanyp, at göwsüne ýetiberen gowaçalaryň ujuny çyrpyp ýörşüňe, jöwza döz gelmän, az-kem süllerenini görüp, deriňi sylarsyň. Ýaňagyňdan syrygyp gaýdan şor damja bütin endamyň öl-myžžyk bolanyny habar biýr-de, ýere gaçar. Düşen ýeri sähelçe nem bolup, biliňi ýazýançaň, ýiter gider.

Goşgular çemeni

Juwan şäher Aşgabat! Çar tarapy ak mermere beslenen,140 ýaşly juwan şäher, Aşgabat!«Aziýanyň merjeni» diýp at alan,140 ýaşly juwan şäher, Aşgabat!

Asyrlary aşan ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy sarpalamak, olary düýpli öwrenmek we döwrebap ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary, beýik başlangyçlary bu gün halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde giňden tanalmagyna ýol açdy. Munuň şeýledigine ahalteke bedewlerimiziň, türkmen alabaýynyň Ýer ýüzündäki mizemez şöhraty, küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, milli halyçylyk sungatymyzyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň taryhynda uly ösüşlere beslenen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby okyjylar köpçüligine ýetirildi. Halkymyzyň eýýamlaryň dowamynda kämilleşip, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten maddy we ruhy mirasynyň, edim-gylymlarynyň ýokary çeperçilikli beýany bolan bu kitap bagtyýar raýatlarymyzda çuňňur buýsanç duýgularyny döretdi. Daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilmegi netijesinde kitap dünýä jemgyýetçiligine hem elýeterli boldy. Munuň özi beýleki halklara hem türkmeniň egsilmez miras hazynasynyň dürdäneleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Goňşular

(Hekaýa) Oglunyň baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze jaýdan paýly bolýandyklary baradaky habaryny eşiden Gurbanmyrat aganyň depesi Gök diredi. Ol bu hoş habary getiren ogluna ýüzlenip: