Nesillere görelde

7 Maý 2021
893

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda şanly sene bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi we onuň şäher Geňeşleri XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlaryň, tylda zähmet çekenleriň, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň hal-ahwalyny soramak, olaryň Watan goragynda görkezen edermenliklerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirýär.

Nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin şirin janlaryny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň atlary halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýowuz uruş ýyllarynda edermen türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda mähriban Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Bu mugallym, edermen esger, ilhalar ynsanyň durmuş ýoly nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.