2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar.
Sungat äleminde teatr — iň gymmatly baýlyk. Köpasyrlyk taryhynda teatrlar hemişe tomaşaçylaryň üns merkezinde bolup, ähli döwrüň sungat söýüjilerini özüne çekýär. Ine, şeýle teatrlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeni mirasyna öwrülen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryny uly buýsanç bilen bellemek bolar.