Medeniýet — halkyň ruhy güýji

5 Maý 2021
1363

Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlygynyň belentligi bolup, olaryň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Her bir ýyly şanly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýän ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimize, sungatymyza belent hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýdym-saz, teatr, kino, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda döredilýän her bir eserde halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy çeper wasp edilýär. Berkarar döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan çäreler halkymyzyň medeni baýlyklaryna bolan buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Mähri ESENOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.