Aşgabat — ömür örküm

6 Maý 2021
1078

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat halypalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň nurana keşbi göz öňümizde janlanýar. Ýaşap ýören bolsa, maý aýynyň 1-ne doglan gününe 101 ýyl dolmaly halypa aýdymçy hemişe özüniň merjen şäherimiz Aşgabatda doglandygyna, bu şäherde öz bagtyny tapandygyna buýsanyp, öz döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, uly ösüşlere beslenýän paýtagtymyz bilen bagly aýdymyň bardygyna guwanýardy. Biz gazetimiziň şu sanynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ömür ýatlamalaryndan bir bölegi okyjylarymyza ýetirýäris.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.