Senden eziz nire bar?!

5 Maý 2021
940

Jennetden zyýat gül goýnuň bar seniň. Ýürek oňa gaýta-gaýta söýünýär. Ak binalaryň belent başyny sypalap öwsen şemalyňda köňül wysalynyň söýünji bar. Bulutly günüň gök boýagynda goýnuň bir belent künjünden seni synlamak höwesi elmydama köňlüme heýjan getirýär. Asmanyň birsydyrgyn gök reňke boýalan bu gözel görnüşinde sen deňiz merjeni ýaly ak şugla saçýaň. Gözelligiň göge ýetsem diýýän binalaryň mysalynda aýyl-saýyl görünýär. Bu aklyk — saňa müňlerçe ýürekleriň päk arzuwlarynyň siňendiginiň alamaty. Bu — seniň gojalmaýan ömrüň sowulmaz ýazyndan nyşan. Ol — seniň keşbiň ylhamdan, yhlasdan dörändigine güwä. Özüňe siňen şunça gözellikleriňi pespällik bilen dumly-duşa, ulus-ile paýlaýaň. Şeýdibem, Gahryman Arkadagymyzyň ylham nuruny dünýä ýüzüne ýaýýaň.

Belki-de, şol ylham nurunyň şuglasyndandyr, keşbiň köňlüme belent joşgun bermesi. Seniň maňa jennetden zyýat görünmegiň. Gollaryň bolup degre-daşa ýaýylýan giň şaýollaryň saňa has-da mähribanlyk eçilýär. Ýoly düşüp bir geleni husnuňa aşyk eýleýäň. Gelende-de seni görmegiň höwesi ýaşaýar, gidende-de.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».