Nusgawy eseriň täze ömri

6 Maý 2021
1298

Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan dünýä belli rus ýazyjysy hem dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» atly pýesasyna tomaşa edeniňden soň, şeýle pursaty başdan geçirýärsiň: durmuşyň jümmüşinde ýaşap, ony öz ybratly ykbalyň bilen bezeseň we ynsan diýen belent adyňy haklap, ýagşylykda yz galdyrsaň, ana, şol bütin ömrüňe degýän möhüm zat.

Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Aýynyň» sahna bezegini Güljemal Saparowa bilen Merjen Çaryýewa ýerine ýetiripdirler. Dogrusy, bezegçiler XIX asyryň rus dworýan maşgala durmuşyny ýürege ýakyn ýagşylykly görnüşde şöhlelendiripdirler. Abdylazym Rejepowyň bu pýesa üçin saýlan sazlary-da tüýs jüpüne düşüpdir. Ol waka hem ahwala, gahrymanlaryň ruhy dünýäsine laýyk ýaňlanýar. Bu sahna eserini yşyk bilen bezemek işi hem döwrebaplyga eýe, ýagny ol özboluşly röwüşde şöhlelenýär. Täze spektakla tomaşa edip, ýurdumyzyň Baş drama teatrynda işlemek bilen, dünýä belli drama eserini teatryň sahnasyna çykaryp, özüni ilkinji zehinli zenan režissýor hökmünde görkezip, ajaýyp bir pýesany milli teatr sungatyna getiren, ony daşary ýurt dramaturgiýasy bilen baýlaşdyran Gülälek Akmyradowany bize diňe gutlaýmak galýar. Şu ýerde režissýoryň asistenti Şemşat Kasymowa, kömekçisi Mekan Şyhyýewe hem öz hoşallygymyzy bildirýäris. Çünki rus halkynyň wekilleriniň sahnadaky keşbinde özüne muwapaklygy ýüze çykarmakda olaryň hem döredijilikli zähmeti bar. «Aýynyň» aýdyňlygyny şadyýanlyga öwürýän wals tansynyň ýerine ýetirilmegi ilkibaşda gussaly maşgala durmuşyny alaýazlykdan başlamaga bolan ynamy hem ymtylyşy berýär. Režissýoryň oýlap tapan bu çeperçilik sahna çözgüdi durmuşy diňe şadyýanlyga beslemekden ybarat. Şonuň üçinem pýesanyň başynda ýerine ýetirilen saz hem wals tansy eseriň soňunda öz ykrarlygyny gazanýar. Tansy goýujy Taisiýa Alyýewanyň tansa mylaýymlyk, ýumşaklyk äheňini çaýmagy tüýs jüpüne düşüpdir.

Süleýman ILAMANOW, «Edebiýat we sungat».
Surata düşüren Akmämmet Garajaýew.