"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeni kämilligiň beýany

Halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşini boýlaýan buýsançly taryhy, özboluşly medeniýeti we müňde bir öwüşginli sungaty milli gymmatlyklarymyzyň esasy özenini düzýär. Ynsan göwnüni galkyndyryp, onuň kalbyna nur çaýýan, täsinden-täsin öwrümler bilen adamlaryň duýgular dünýäsini baýlaşdyrýan medeniýet ulgamy biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Täze taryhy eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşmegine we ýokary derejelere göterilmegine şert döretdi. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden açyp görkezmek, baý taryhy çeşmeleri bolan medeniýetimizi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjy hökmünde orta çykdy. Bu barada milli Liderimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir». Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň mähriban halkymyzyň köp taraplaýyn durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan inçe, çylşyrymly we köp görnüşli düşünjedigini birjik-de ünsden düşürmeli däldigini sargaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet halkymyzyň şatlyk we ylham çeşmesi bolmak bilen jemgyýetimiziň berk esasyny düzýär. Şol esasa daýanyp, jemgyýe

Dowam edip gelýär arkama-arka, Ajaýyp däbimiz — sungata sarpa

Şol gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ajaýyp sahnasynda baýramçylyk konserti dowam edýärdi. Biz öňräkdäki hatarlaryň birinde otyrdyk. Munuň özi nobatma-nobat çykyş edýän sungat ussatlarynyň, tansçylar toparlarynyň diňe bir çykyşlaryny-ha däl, eýsem, her bir hereketini-de içgin synlamaga mümkinçilik berýärdi. Şonuň üçin şol çykyşlaryň täsiri-de, berýän lezzeti-de uludy, ýatdagalyjydy. Tansçylar toparynyň nobatdaky çykyşyna-da uly üns bilen tomaşa edendigime ähmiýet beren bolarly, ýanaşyk oturan kärdeş zenan tansçylaryň çykyşy tamamlanyp barýarka «Aýdym-sazyň, tansyň lezzetini-hä asyl siz bilýän ekeniňiz!» diýdi. Men ilki sesimi çykarman aýdanlaryny baş atmak bilen tassykladym. Çykyş tamamlanan badyna giň zala ümläp, «Sungatyň kalplary heýjana salýan, özüne bendi edýän täsirini ine, şu dowamly el çarpyşmalardan hem aňlamak bolýar ahyryn. Muňa sungatyň jadylaýjy güýji diýilýär» diýdim.

Medeniýetiň, sungatyň rowaçlanýan eýýamy

Medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň şöhratly taryhynda uly üstünlikleri gazandy, belent derejelere ýetdi, umumadamzat medeniýetine mynasyp goşandyny goşdy. Şonuň üçin hem, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň ruhy-ahlak, edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanmaga, taryp etmäge, dünýä ýaýmaga mynasypdyr. Dünýäniň syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň, medeniýeti we sungaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýän medeniýetimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlere beslenýär. Pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, milli medeniýetimize we sungatymyza hormat goýmakda Gahryman Arkadagymyz halkymyza nusgalyk görelde görkezýär.

Dünýä ýaýylýan mertebe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap derejede baýlaşdyrmaga, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, halkymyzyň mirasyny, taryhyny içgin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilen. Döwlet Baştutanymyz halk döredijiligini öwrenip, ony halka ýetirmegi, halkymyzyň medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmagy esasy wezipeleriň hatarynda goýýar. Muňa biz hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki ajaýyp eserleriniň üsti bilen has aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimiz, sungatymyz baradaky paýhasly jümleleri, dürdäne pikirleri halkymyzyň ruhy dünýäsini, ruhubelentligini galkyndyrýan bahasyz hazynadyr.

Zehin zehinden zyýada

Eserleri bilen halkyň ýüreginde orun alan ussatlar milli sungatymyzy beýgeldýärler. Olar ykbalyny sungata baglap, halkyň hakydasynda müdimi ýaşajak eserleri döredýärler. Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow şeýle ussatlaryň biridir. Onuň döredijiligi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda uly orun eýeleýär. Baý döredijilik ýoly bilen tapawutlanan halypa heýkeltaraş Aşgabadyň şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörite çeperçilik uçilişşesiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okanda, ussat suratkeşler P.Popow, W.Çudinow we A.Şetinin ýaly halypalaryň elinde tälim alýar. Heýkeltaraş uçilişşäni üstünlikli tamamlap, Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutynda okuwyny dowam etdirýär. G.Ýarmämmedow talyplyk ýyllarynda döredijilik ýolunyň ilkinji ädimlerine gadam basýar. Moskwanyň professory M.F.Baburin ýaly tanymal ussatlardan tälim alyp, heýkeltaraşlygyň has inçe usullaryny öwrenip, diplom işini döredýär. Diplom eserinde türkmen zenanynyň çagasyna bolan mährini, onuň geljekki durmuş ýoluna bolan garaýyşlaryny görkezýär.

Medeniýetiň toýun toýlaýar Lebap

Geldik Medeniýet hepdeligine,Gül Lebabym garşy aldy begene.Gadym Amul bu gün şaýlanyp has-daGörklenipdir toý lybasa bezene. Eli duz-çörekli Lebabyň ili,Garşylady bizi güler ýüz bilen.Olaryň myhmana bolan hormaty,Has belentdir wasp ederden söz bilen.

Buýsançly gazallar

Bu bagtyýar günleň joşy,Melhem berýär janyňa.Toý tutulsa, medeniýetim!Küşt depiler şanyňa. Buşlaýar ak daňlary,Her günüm, her pursadym.Görüň, galkynýar bu gün,Taryha baý sungatym.

Mugam diňläli, gardaş!

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan) Azerbaýjanyň umumy meýdanynyň ýarpysyna golaýyny daglar tutýar. Demirgazykda Kawkaz gerşi, orta çäkde Kura-Araks çöketligi, günorta-gündogarda Talyş beýikligi Lenkoran pesligine sepleşip gidýär, günbatary Ermeni daglygyna ulaşýar. Iň beýik Guton gerşiniň depesi 3648 metre ýetýär. Kawkaz gerişlerinden uzalyp gaýdýan ol daglar soňra Kura — Araks düzlügine sapýar. Ýurduň günorta-gündogaryndaky Talyş daglary hem diýseň hasylly Lenkoran çöketligi bilen sepleşýär. Lenkoran düzlüginiň yssydan çygly subtropik howasy ekinleriň köp görnüşi üçin diýseň ýaramlydyr. Şeýle bolansoň, Bakuwyň bazarlarynda gujak ýaly ala garpyzlarydyr süýnmekden sarymtyl gawunlary, hersi goşaýumruk ýaly mämişi reňk pomidorlarydyr göm-gökje hyýarlary, salkym-salkym üzümleri görüp, gözüň dokunýar. Bu ýurt narlaryň dürli görnüşleriniň watany hökmünde hem bellidir.

Sungatym bar, sarpam bar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi, medeniýet we sungat ussatlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegi üçin zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýändigini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Halkymyzyň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guraly hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 28-nji ýanwarynda medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda syýasy özgertmeleri geçirmekde ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Ýurdumyzyň ýeten derejesini, şol sanda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini, durmuşa geçirilýän we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatynyň amala aşyrylyşyny wasp etmekde, şeýle hem türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde medeniýet işgärleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wezipeleriň aý

Gel, gardaş, Lebaba bir toý tutaly!

Gojaman Jeýhunyň çep kenaryny etekläp oturan Türkmenabat şäheri ýene-de toý lybasyna beslendi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolup dünýä dolan günlerinden öňem, soňam şeýle toýly günleriň gör, niçemesini dabaralandyryp, ilata saçak ýazandyr. Ýöne Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkyna paýlaýan toýly günleri juda üýtgeşik, juda belent hem görlüp-eşidilmedik derejede dabaraly. Şeýle bolansoň Arkadag sahawatynyň serpaýy bolan ol toýlar kalbyňa buýsanç bolup ornaýar, göwün guşuňy al-asmana uçuryp, ýürek joşgunyňy telwaslandyrýar. Hany onsoň, joşma sen joşmabilseň! Amyderýa jülgesiniň her obasy, her maşgalasy şu günler şeýle ýürek joşgunyny başdan geçirýär. Çünki Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy ümmülmez ýurdumyzyň Gündogar sebitinde tutuljak toýa barýar. Ol toýuň dabarasynyň, gabarasynyň näderejededigi bolsa milli Liderimiziň uly tutumlaryndan hem belli. Bilşimiz ýaly, eziz Arkadagymyz bu jenneti mekanda derejeli türkmen toýlaryny tutmagy asylly däbe öwürdi. Ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Medeniýet hepdeligi hem şeýle derejeli toýlaryň tutulýan sanawynyň gözbaşynda durar.

Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,Tartsa, ýygyn erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň.* * *Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy.* * *Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar,Dergähler açylar çagdyr bu çaglar.Rehmete duş gelse bu wagt erenler,Hak nury saçylar çagdyr bu çaglar. * * *Ile döwlet geler bolsa, Bagşy bilen ozan geler.* * * Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Goýny gülzar Türkmenabat myhmanlara gujak açýar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gügüni giň gerimde bellemek asylly däbe öwrüldi. Welaýatlaryň birinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi bu baýramyň dabaralaryna aýratyn joşgun bagyşlaýar. Yhna, ýene iki günden Medeniýet hepdeligine biziň welaýatymyzda badalga berler. Şu günlerde welaýatymyzyň oba-şäherlerinde bu şanly waka mynasybetli ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin şanly wakalara beslenýändigini göreniňde, kalbyňa ganat biten ýaly bolýar. Ýene-de sanlyja günden geçiriljek Medeniýet hepdeligi bolsa ildeşlerimiziň durmuşynyň many-mazmunyny täze öwüşginler bilen bezeýär. Hepdelige gatnaşyjylar üçin baý mazmunly, gyzykly we täsirli medeni çäreleriň uly topary meýilleşdirildi.

Jeýhun joşly ilimiň tutumlary uludan

Medeniýet, sungat — her bir döwletiň ykbalyny, taryhyny açyp görkezýän ylahy baýlyk. Ol ynsan kalbynda ýaşaýşa bolan söýgini oýaryp, ruhuňy beýgeldýär. Şol sebäpli ynsan hemişe medeniýet, sungat bilen bile ýaşaýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ilhalar syýasaty netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz uly ösüşleri başdan geçirýär. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi her ýylda Medeniýet hepdeligi geçirilip, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň dabaralaryny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu ajaýyp baýramçylyga sanlyja günlerden welaýatymyzda badalga berler. Munuň üçin welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň çar künjünden geljek myhmanlara ýatda galyjy we ýakymly täsiri bagyşlamak üçin ähli tagallalar edildi.

Hoş geldiňiz, bu gadymy Lebaba!

Medeniýet hepdeligniň joşguny-nuryleme ýaň salýan toýlaryň nury,Döwletli ak ajap öýleriň nury,Hoş geldiňiz, bu gadymy Lebaba! Toý döwresi şatlyk paýlar illere,Tutumlarňyz kuwwat berýär billere,Bereket eçilýär sagy-sollara,Hoş geldiňiz, bu gadymy Lebaba!

Medeniýet hepdeligine

KALBA DEŇELÝÄN KERAMAT Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, şöhratly taryhymyzdan habar berýän medeni mirasymyzyň baýlyklaryny şu günki nesillere wagyz edip, dünýä halklaryna aýan etmek, täze röwüşde geljekki nesillere ýetirmek ugrunda üstünlikli işler alnyp barylýar.

Sazlaşyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda medeniýet we sungat işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgatly barmak üçin öz buýsançly seslerini goşýarlar. Öňde duran Medeniýet hepdeligi hem olar üçin özara pikir hem tejribe alyşmakda özboluşly döredijilik meýdançasy bolar. Sungat wekilleriniň biri Maksat Şyhyýewi öňräkden bäri tanaýardym. Zehinli heýkeltaraş agaçdan, daşdan ýasaýan heýkelleri bilen tanalýar. Ol indi köp ýyllar bäri heýkeltaraşlyk sungaty bilen meşgullanyp gelýär. Ýürek goýlup, zehin bilen döreden eserleri üçin ol 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, 2018-nji ýylda bolsa «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp bolýar.

Medeniýetiň uly toýy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — özgerişlikleriň, täzeçillikleriň uly depginler bilen durmuşymyza ornaşdyrylýan zamanasy. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdyran täzeçillikleriniň biri-de ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilip durulýan Medeniýet hepdeligidir. Şu ýyl Lebap topragynda geçirilip, tutuş bir hepdäniň dowamynda welaýaty ägirt uly toýhana öwürjek şanly waka bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolduk. — Agamyrat, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza peşgeş beren ajaýyp sungat baýramy bolan Medeniýet hepdeligi hakda gürrüň açylanda Seýitnazar Seýdiniň: «Oguz hanyň toýy kibi toý olup, Köp tomaşa bilen ötse gerekdir» diýen sözleri seriňe dolýar. Elbetde, gadymy Lebabyň bal suwly, bol rysgal-bereketli topragynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi watandaşlarymyzyň kalbyny perwaz urdurjak toý-tomaşa baý bolsa gerek?

Dost-doganlyk mekany

Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan baýram edilen ýylynda biz merjen şäherimizde dürli ýyllarda geçirilen iri medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşan dostlukly ýurtlaryň tanymal söz we sungat ussatlary bilen tanyşdyrmagymyzy dowam edýäris.

Öçmejek ýyldyz

Bu toprakda akyldar danalaryň, ýazyjydyr şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň ençemesi dünýä inipdir. Biziň söhbedini edýän meşhur şahsyýetlerimiziň biri hem ussat opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewdir. Şu ýyl doglan gününe 100 ýyl dolýan Ýolaman Hummaýew ýurdumyzyň opera sungatynyň düýbüni tutmaga gatnaşan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Alty Garlyýew, Annagül Annakulyýewa, Hydyr Allanurow ýaly ussatlar bilen birlikde bu gün sylag-hormat edip ýatlanylýar.

Milli medeniýetiň şuglasy

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň medeni mirasyny, onuň ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak işine uly üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda ýerine ýetirilip gelnen, kämillige ýeten däp-dessurlarymyz häzirki wagtda täzeden işlenilip, zamanabap röwüş tapýar. Halkyň ruhy-döredijiliginiň bir ýere gönükdirilmeginde, raýat jemgyýetiniň jebisleşmeginde medeniýetiň aýgytly güýji hem-de orny bardyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde bellemäge giň ýol açdy. Halkymyzda bu senä aýratyn ähmiýet berilýär. Medeniýet we sungat işgärleri bolsa, ajaýyp senä täze döredijilik çykyşlary bilen barmagy asylly däbe öwürdiler.