Sazlaşyk

18 Iýun 2021
1004

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda medeniýet we sungat işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgatly barmak üçin öz buýsançly seslerini goşýarlar. Öňde duran Medeniýet hepdeligi hem olar üçin özara pikir hem tejribe alyşmakda özboluşly döredijilik meýdançasy bolar.

Sungat wekilleriniň biri Maksat Şyhyýewi öňräkden bäri tanaýardym. Zehinli heýkeltaraş agaçdan, daşdan ýasaýan heýkelleri bilen tanalýar. Ol indi köp ýyllar bäri heýkeltaraşlyk sungaty bilen meşgullanyp gelýär. Ýürek goýlup, zehin bilen döreden eserleri üçin ol 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, 2018-nji ýylda bolsa «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp bolýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.