Medeniýetiň uly toýy

17 Iýun 2021
1102

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — özgerişlikleriň, täzeçillikleriň uly depginler bilen durmuşymyza ornaşdyrylýan zamanasy. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdyran täzeçillikleriniň biri-de ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilip durulýan Medeniýet hepdeligidir. Şu ýyl Lebap topragynda geçirilip, tutuş bir hepdäniň dowamynda welaýaty ägirt uly toýhana öwürjek şanly waka bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Agamyrat, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza peşgeş beren ajaýyp sungat baýramy bolan Medeniýet hepdeligi hakda gürrüň açylanda Seýitnazar Seýdiniň: «Oguz hanyň toýy kibi toý olup, Köp tomaşa bilen ötse gerekdir» diýen sözleri seriňe dolýar. Elbetde, gadymy Lebabyň bal suwly, bol rysgal-bereketli topragynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi watandaşlarymyzyň kalbyny perwaz urdurjak toý-tomaşa baý bolsa gerek?

Söhbetdeş bolan Myrat HUDAÝGULYÝEW,
«Edebiýat we sungat».