Medeni kämilligiň beýany

20 Iýun 2021
930

Halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşini boýlaýan buýsançly taryhy, özboluşly medeniýeti we müňde bir öwüşginli sungaty milli gymmatlyklarymyzyň esasy özenini düzýär. Ynsan göwnüni galkyndyryp, onuň kalbyna nur çaýýan, täsinden-täsin öwrümler bilen adamlaryň duýgular dünýäsini baýlaşdyrýan medeniýet ulgamy biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Täze taryhy eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşmegine we ýokary derejelere göterilmegine şert döretdi. Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden açyp görkezmek, baý taryhy çeşmeleri bolan medeniýetimizi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjy hökmünde orta çykdy.

Bu barada milli Liderimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir». Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň mähriban halkymyzyň köp taraplaýyn durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan inçe, çylşyrymly we köp görnüşli düşünjedigini birjik-de ünsden düşürmeli däldigini sargaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet halkymyzyň şatlyk we ylham çeşmesi bolmak bilen jemgyýetimiziň berk esasyny düzýär. Şol esasa daýanyp, jemgyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär hem-de tanalmaz derejede özgerýär.

Serdar DAUDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.