Ýeňişli günleriň ýalkymy

12 Maý 2021
595

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bagtyýarlyk döwrümizde ata-babalarymyzyň mertlik-merdanalyk mekdebi bolup, ýaş nesilleriň kalbynda orun aldy. Watançy esgerler mukaddes topragymyzyň Garaşsyzlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezdiler. Şeýle gahrymançylykly söweş alyp baran edermen türkmen ýigitleriniň gazanan Beýik Ýeňşi taryhda öçmejek yz galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, söweş meýdanlarynda gahrymanlyk görkezip, Watanymyza Ýeňiş bilen dolanyp gelen, häzirki wagtda aramyzda nusgalyk mekdep bolup ýaşap ýören uruş weteranlarymyza, şeýle-de urşuň yzynda ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklap oturan kümüş saçly enelerimize pul we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. Bu çäreleriň uruş weteranlarymyzyň öý-ojaklaryna baryp geçirilmegi bolsa, olaryň göwünlerini galkyndyrýar. Harby gullukçylarymyz, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap we şäher häkimlikleriniň wekilleri uruş weteranlarynyň öýlerinde myhmançylykda boldular we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar hem-de ter gül çemenleri gowşuryldy. Uruş weteranlarynyň maşgala ojaklarynda myhmançylykda bolan aýdym-saz toparlary bolsa, şöhratly sazlary çalyp, Beýik Ýeňşi, gahrymançylygy, ata Watany wasp edýän, parahatçylyga we dost-doganlyga çagyryjy şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ol aýdymdyr sazlar bolsa goja weteranlary söweş pursatlaryna dolanan ýaly etdi. Olar özleriniň durmuş we ömür ýollary, başlaryndan geçen külpetli günleri, ýalynly ýyllaryň ýatlamalary barada gürrüň berdiler. Olaryň her bir sözi — ýaşlara pent, geçen ýoly — mekdep.

Gaýgysyz ANNANYÝAZOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.