Zehin zehinden zyýada

18 Iýun 2021
967

Eserleri bilen halkyň ýüreginde orun alan ussatlar milli sungatymyzy beýgeldýärler. Olar ykbalyny sungata baglap, halkyň hakydasynda müdimi ýaşajak eserleri döredýärler. Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow şeýle ussatlaryň biridir.

Onuň döredijiligi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda uly orun eýeleýär. Baý döredijilik ýoly bilen tapawutlanan halypa heýkeltaraş Aşgabadyň şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörite çeperçilik uçilişşesiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okanda, ussat suratkeşler P.Popow, W.Çudinow we A.Şetinin ýaly halypalaryň elinde tälim alýar. Heýkeltaraş uçilişşäni üstünlikli tamamlap, Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutynda okuwyny dowam etdirýär. G.Ýarmämmedow talyplyk ýyllarynda döredijilik ýolunyň ilkinji ädimlerine gadam basýar. Moskwanyň professory M.F.Baburin ýaly tanymal ussatlardan tälim alyp, heýkeltaraşlygyň has inçe usullaryny öwrenip, diplom işini döredýär. Diplom eserinde türkmen zenanynyň çagasyna bolan mährini, onuň geljekki durmuş ýoluna bolan garaýyşlaryny görkezýär.

Azat ALIHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.