Jeýhun joşly ilimiň tutumlary uludan

18 Iýun 2021
1029

Medeniýet, sungat — her bir döwletiň ykbalyny, taryhyny açyp görkezýän ylahy baýlyk. Ol ynsan kalbynda ýaşaýşa bolan söýgini oýaryp, ruhuňy beýgeldýär. Şol sebäpli ynsan hemişe medeniýet, sungat bilen bile ýaşaýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ilhalar syýasaty netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz uly ösüşleri başdan geçirýär. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi her ýylda Medeniýet hepdeligi geçirilip, ol Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň dabaralaryny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu ajaýyp baýramçylyga sanlyja günlerden welaýatymyzda badalga berler. Munuň üçin welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň çar künjünden geljek myhmanlara ýatda galyjy we ýakymly täsiri bagyşlamak üçin ähli tagallalar edildi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.