Goýny gülzar Türkmenabat myhmanlara gujak açýar

18 Iýun 2021
869

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gügüni giň gerimde bellemek asylly däbe öwrüldi. Welaýatlaryň birinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi bu baýramyň dabaralaryna aýratyn joşgun bagyşlaýar. Yhna, ýene iki günden Medeniýet hepdeligine biziň welaýatymyzda badalga berler. Şu günlerde welaýatymyzyň oba-şäherlerinde bu şanly waka mynasybetli ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin şanly wakalara beslenýändigini göreniňde, kalbyňa ganat biten ýaly bolýar. Ýene-de sanlyja günden geçiriljek Medeniýet hepdeligi bolsa ildeşlerimiziň durmuşynyň many-mazmunyny täze öwüşginler bilen bezeýär. Hepdelige gatnaşyjylar üçin baý mazmunly, gyzykly we täsirli medeni çäreleriň uly topary meýilleşdirildi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.