"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Möwsümleýin keselleriň öňüni almagyň çäreleri:

► Şahsy arassaçylygy berjaý etmeli. ► Eliňizi burnuňyza, agzyňyza, gözüňize ýetirmekden gaça durmaly.

Kadalary berk berjaý edeliň!

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. Elleri hemişe arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, dümew ýaly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator ýokanç keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsaňyz, derhal lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini almaly.

Sagdyn bolmagyň ýönekeýje düzgünleri

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk gigiýeniki kadalaryny hem-de düzgünlerini berk berjaý ediň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly we hemişe arassa saklamaly. Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endik ediň! Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagy üçin ýelejiredip durmaly. Iýmitiňiziň arassa bolmagy üçin azyk önümlerini saklamagyň kadalaryny berjaý etmeli! Penjireleri säher bilen açyp, otaglary ýelejiredip durmagy unutmaň!

Saglyk — baş baýlyk

Sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, keselleriň öňüni almak we dikeldiş bejergiler sagdynlygyň özenidir. Şulardan ugur alyp, ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Sagdyn adam ruhubelent, ýaşaýşa, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanýar. Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady il-halkyň saglygynda, jemgyýetiň sagdynlygyndadyr. Ýurdumyzda melhemlik suwlary bilen şypa berýän şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýarlar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde birnäçe element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy hem watandaşlarymyza we daşary ýurtly ildeşlerimize ýokary hilli hyzmat edýär. Bu ýere gelip, saglygyny dikeldýän raýatlar hemişe şypahananyň şypaly suwundan, ähli hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Kadalary berk berjaý edeliň!

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Danalaryň sargydy – sagdynlyk

Tebigatyň bermedik güýjüni türgenleşmek bilen alyp bolar. * * *

Lukmanlar maslahat berýär

Güýz paslynyň gelmegi bilen günüň dowamynda howanyň gyzgynlyk derejesi üýtgäp başlaýar. Howa şertlerini nazara alyp, bu döwürde döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almagyň ony bejermekden has ýeňil düşýändigini ýatlatmak isleýäris. Şu aşakdaky düzgünleri berjaý etseňiz, ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz. ► Pasla görä geýinmeli;

Güýzüň görki saglykda

Günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin: Pasla görä geýinmeli;

Hassa bolmazdan burun...

Güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik, bejerijilik häsiýetleri beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi maslahat berýäris. Zerur bolan halatynda, dümew ýaly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmeli. Dümewiň öňüni almak üçin, her hepdede milli tagamlarymyzdan gyzyl burç goşulan unaşy içip durmaly. Şeýle hem her bir adama maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

Ýatdan çykmajak taryhy pursatlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň «Arçman» şypahanasy barada ýatlama» atly bölüminde: «Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň hemişe-de iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýar. Alym Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasynda bolan pursatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy  hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bütin halkymyzy buýsandyrdy.  Bu taryhy pursatlar Milli Liderimiziň  döwletimizi ösdürmekdäki işleri oýlanyşykly, meýilnamalaýyn alyp barmakdaky çuň paýhasynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Saglygyň gadryny bilgil

Şahsy we jemgyýetçilik  arassaçylyk  kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý ediň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşaryk çykanyňyzda, antiseptik   serişdeleri elleriňize sepmegi endige öwrüň!

Pasyl çalşygy: kadalary berk berjaý ediň!

Güýz paslynyň gelmegi bilen ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç   keselleriniň  öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. * Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Kadalary berk berjaý edeliň!

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Güýzde

- Paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň! - Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içiň!

Saglygyň gadyryny bilgil…

Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaklygy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmekligi, şeýle hem maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaklygy maslahat berýäris.

Lukmanyň maslahaty

Sagdyn iýmitlenmegiň saglyga ähmiýeti Döwletimizde ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler amala aşyrylýar, ýagny ilatyň saglygyna oňaýly täsir edýän howpsuz daşky gurşawy gorap saklamak, arassa suw üpjünçiligini ýola goýmak bilen bir hatarda, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi babatynda Milli maksatnama hereket edýär. Maksatnamanyň esasy wezipelerine jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenme meseleleri boýunça wagyz-nesihat çärelerini ösdürmek, şeýle hem raýatlaryň ömrüniň ähli tapgyrlarynda iýmitlenmeginiň sazlaşykly we kadaly bolmagyny goldamak, ilatymyzy howpsuz we sagdyn iýmit önümleri bilen durnukly üpjün etmek, iýmit, ulgamynda yzygiderli gözegçilik we baha beriş işlerini alyp barmak degişlidir.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini pugta berjaý etmeli, arassa agyz suwuny içmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Ýürek näme üçin çalt urýar?

Şu sowal adamlary gyzyklandyrýan bolsa gerek. Çünki dürli ýagdaýlar sebäpli ýüregiň çalt urmasy ýüze çykyp bilýär. Biz bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň sebäpleri, ony bejermegiň ýollary barada welaýat bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň anyklaýyş-maslahat beriş bölüminiň kardiolog lukmany Niýaz Saparow bilen söhbetdeş bolduk. ― «Özümi rahat duýsam-da, birden ýüregim çalt urup başlaberýär. Bu nämedenkä?» diýen ýaly sowallary eşidýäris. Eýsem, bu nämeden bolup biler?

Sagdynlyk ýörelgelerine eýerip

Ynsan saglygynyň üpjün edilmeginde Gün şöhlesiniň, arassa howanyň, suwuň, fiziki türgenleşigiň bolmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen adamyň derisi D ýokumy işläp çykarýar. Ol bolsa süňkleri berkidýän, şeýle-de degna dartgynlylygyndan goraýan zerur serişdedir. Bu ýokumyň ýeterlik derejesi bedeni dürli dertlerden ygtybarly goraýar. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden etleriniň we bogunlaryň agyrysyna we süýji kesele alyp barýar. Şol sebäpli D ýokumyny almak üçin Gün şöhlesiniň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Arassa howada gezelenç etmek bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de bedenimiziň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin günde ýeterlik möçberde suwuklyk içmek möhümdir. Onuň köp bölegi bolsa, adaty suw bolmalydyr.