Lukmanyň maslahaty

6 Sentýabr 2023
339

Sagdyn iýmitlenmegiň saglyga ähmiýeti

Döwletimizde ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler amala aşyrylýar, ýagny ilatyň saglygyna oňaýly täsir edýän howpsuz daşky gurşawy gorap saklamak, arassa suw üpjünçiligini ýola goýmak bilen bir hatarda, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi babatynda Milli maksatnama hereket edýär. Maksatnamanyň esasy wezipelerine jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenme meseleleri boýunça wagyz-nesihat çärelerini ösdürmek, şeýle hem raýatlaryň ömrüniň ähli tapgyrlarynda iýmitlenmeginiň sazlaşykly we kadaly bolmagyny goldamak, ilatymyzy howpsuz we sagdyn iýmit önümleri bilen durnukly üpjün etmek, iýmit, ulgamynda yzygiderli gözegçilik we baha beriş işlerini alyp barmak degişlidir.

Ogulnabat ALLABERENOWA,
welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň merkezleşdirilen arassaçylyk-gigiýena barlaghanasynyň lukman laboranty.