Sagdynlyk ýörelgelerine eýerip

6 Sentýabr 2023
452

Ynsan saglygynyň üpjün edilmeginde Gün şöhlesiniň, arassa howanyň, suwuň, fiziki türgenleşigiň bolmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen adamyň derisi D ýokumy işläp çykarýar. Ol bolsa süňkleri berkidýän, şeýle-de degna dartgynlylygyndan goraýan zerur serişdedir. Bu ýokumyň ýeterlik derejesi bedeni dürli dertlerden ygtybarly goraýar. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden etleriniň we bogunlaryň agyrysyna we süýji kesele alyp barýar. Şol sebäpli D ýokumyny almak üçin Gün şöhlesiniň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär.

Arassa howada gezelenç etmek bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de bedenimiziň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin günde ýeterlik möçberde suwuklyk içmek möhümdir. Onuň köp bölegi bolsa, adaty suw bolmalydyr.

Gülzada HAÝTYÝEWA,
Saýat etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.