Saglyk — baş baýlyk

10 Sentýabr 2023
687

Sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, keselleriň öňüni almak we dikeldiş bejergiler sagdynlygyň özenidir. Şulardan ugur alyp, ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Sagdyn adam ruhubelent, ýaşaýşa, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanýar. Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady il-halkyň saglygynda, jemgyýetiň sagdynlygyndadyr.

Ýurdumyzda melhemlik suwlary bilen şypa berýän şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýarlar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde birnäçe element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy hem watandaşlarymyza we daşary ýurtly ildeşlerimize ýokary hilli hyzmat edýär. Bu ýere gelip, saglygyny dikeldýän raýatlar hemişe şypahananyň şypaly suwundan, ähli hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Batyr ŞYHDURDYÝEW,
«Arçman» şypahanasynyň bölüm müdiri.