Saglygyň gadyryny bilgil…

6 Sentýabr 2023
413

Mähriban adamlar, eziz ildeşler!

Güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaklygy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmekligi, şeýle hem maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaklygy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.